Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ahmedinejady gutlady


Çarşenbe Türkmenistanyň prežidenti Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşliginde Eýran Yslam respublikasynyň prezidenti Mahmud Ahmedinejaty ikinji möhlete prezident saýlanmagy bilen gutlady.

Mälim bolşy ýaly, geçen hepde Mahmud Ahmedinejat resmi ýagdaýda prezidentlige kasam kabul edipdi. Ýöne bu wakanyň yzy bilen Ýewropa Bileleşigine agza käbir ýurtlar, şol sanda, Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa Mahmud Ahmedinejaty resmi ýagdaýda gutlamajakdyklaryny yglan etdiler.

Düýnki telefon gürrüňdeşliginde türkmen prezidenti Berdimuhamedow bilen Eýjranyň prezidenti Ahmedinejat soňky wagtlar iki ýurduň arasynda ýola goýlan käbir iri proýektleriň, şol sanda, ýakynda gurlup başlanan Döwletabat-Saragt-Hangeran gaz geçirijisiniň ähmiýetine-de ýokary baha beripdirler.

Türkmen döwlet habarlary gullugynyň maglumatyna görä, şeýle hem bu gürrüňdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Mahmud Ahmedinejaty şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistana sapar etmeklige çagyrypdyr. Şol sanda Berdimuhammedow Eýranyň prezidentini geljekki saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda açyljak täze gaz truboprowodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaklyga-da çagyrypdyr.

Maglumatda, Eýranyň prezidentiniň bu çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG