Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Suwa daş okladym, barysy ýitdi"


Babyrberk Azatýaýlaly

SUWA DAŞ OKLADYM


Güýz gijesi paýapylda oturdym,
töwerek – oba.
Dürli pikirleri başa getirdim,
daş oklap ýaba.

Suwda görnüp duran, kenarda biten
agaçlar gaba.
Suw Aýyň, ýyldyzyň alyp suratyn
alýar hasaba.

Kenarda yranýar gamyşdyr ýeken,
Aý gezlenýär käte bulut – nikaba.
Kenaryň, asmanyň keşbini çeken --
Özün bezän suw meňzeýär ynsaba.

Suwa daş okladym, barysy ýitdi,
ulaşdy-da tolkunlara, girdaba,
agaçlar, Aý, ýyldyz…
gözümden gitdi.
Toba! Toba! Toba!

Başymy galdyrdym, hemmesi gaýym,
Töwerek – oba.
Günbatardan ýel öwüsýär mylaýym,
Daş oklama akaba.


NAÇAR DOGAN, AGLAMA

Hemme zadyň ahyry bar, soňy bar.
Naçar dogan, men sebäpli aglama.
Tüm gijäniň kümüş nurly daňy bar.
Naçar dogan, men sebäpli aglama.

Göwnümi pes tutdum, başymy beýik,
Başymda müň derdim, ýürekde seýik,
Her niçik bolsa-da, syr bermek aýyp,
Naçar dogan, men sebäpli aglama.

Bilgin bu dünýäniň melamatdygyn.
Mümkin, men dünýäde alamatdyryn?!
Sen sag bolsaň, men hem salamatdyryn,
Naçar dogan, men sebäpli aglama.

Sebäp bolman, çöp başyny egenok,
Meniň bu giň dünýä göwnüm syganok.
Dünýä Seniň gözýaşyňa degenok,
Naçar dogan, men sebäpli aglama.


XS
SM
MD
LG