Sepleriň elýeterliligi

Mejlis täze kanunlary kabul etdi


Türkmenistanyň Mejlisiniň binasy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň binasy.

Türkmenistanyň Mejlisi 15-nji awgustda dördünji çagyrylyş üçünji maslahatyny geçirdi. Bu maslahat täze kanun proýektleriniň toplumyna garanlygy hem olary kabul edenligi bilen tapawutlanýar. Öz gezeginde şol kabul edilen kanunlar ýurt üçinem, onda ýaşaýan her bir adam üçinem diýseň möhüm.

Şol kanun proýektlerinde sud sistemasyna, prokuratura degişlileri-de, ylym-bilim bilen bagly işler barasynda-da, gepiň gysgasy, döwletiň ýaşamagy hem ösmegi üçin möhüm meseleler gozgalýar.

Maslahata degişli hökümet edaralarynyň esasy ýolbaşçylary çagyrylypdyr. Käbir adamlara geňrägem görünmegi mümkin, çagyrylanlaryň arasynda jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary-da, köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri-de bar.

Eger agzalan adamlaryň maslahata gatnaşmagyna zerurlyk bar bolsa, ol nämeden ybarat hem häkimiýetler olara nähili borçdur wezipe ýüklemek isleýär?

Maslahat baradaky resmi maglumatlarda kanun proýektleriniň jikme-jigi barasynda maglumat berilmeýär, diýmek, kabul edilen kanunlar barasynda diňe olaryň ulanylyş, durmuşa geçiriliş prosesinde gürrüň etmek hem analizlemek mümkin bolar.

Kanunlar kabul ediliş düzgünleriniň ähli basgançaklaryny, bolmalysy ýaly, geçer hem hakyky kanun durumyna eýe bolar. Ana, şonda iň esasy sorag örboýuna galsa gerek. “Şol kabul edilen kanunlar nähili ýerine ýetiriler?” Şol işiň amal edilişine kim jogapkär bolar?

Geçmişe nazar aýlasak...

Bilşimiz ýaly, geçmişde-de ençeme gezek täze-täze kanunlar kabul edilipdi. Durmuş şol bir akymy bilen gidýärdi, kabul edilen täze kanunlar bolsa, diňe kagyz ýüzünde galypdy. Häkimiýetleriň öz çykaran kanunlaryny äsgermezlik eden, hatda olary gödek bozan halatlaram az bolmandy.

1936-njy ýylda kabul edilen Stalin Konstitusiýasynyň hem dokument kemi ýokdy, onda adamlaryň höwes edýän, isleýän zatlarynyň köpüsine degişli maddalar, düzgünler bardy. Ýöne iş ýüzünde welin, hemme zat bütinleý tersine bolup çykypdy. “Dünýäde iň bir adamsöýüji, ynsanperwer” adyny alan şol Konstitusiýa kabul edilenden bir ýyl soň, Sowet Soýuzynda köpçülikleýin zorluklar başlandy.

1937-nji ýyl sowet taryhyna iň ganly, gyrgynçylykly ýyl hökmünde girdi. Şonuň üçinem dünýä tejribelerinden ugur alynsa, kanunlar döredilende, şolaryň geljekde ýerine ýetirilişine nähili gözegçilik ediljegi-de örän möhüm mesele. Stalin döwründe şol prosesiň gidişine Staliniň hut özi hem ýakyn egindeşleri kontrollyk edipdi.

Eger Türkmenistanda-da kanunlaryň berjaý edilişine döwlet çinownikleri gözegçilik etse, şol kanunlaryň bozulmajakdygyna nähili kepil bar? Halkara tejribeleriniň görkezişi ýaly, kanunlaryň berjaý edilişine jemgyýetçilik guramalary, hökümete degişli däl birleşikler, garaşsyz toparlar goşmaça gözegçilik edip bilerler. Belki, Türkmenistanda Mejlisiň soňky maslahatyna jemgyýetçilik wekillerini şol maksat üçin çagyrandyrlar?

Dünýäniň köp sanly demokratik ýurtlarynda köpçülikleýin habar serişdelerini dördünji häkimiýet diýip atlandyrýarlar. Ençeme aý bäri adam hukuklarynam goşmak bilen Türkmenistanyň öz kanunlaryny dünýäniň demokratik standartlaryna laýyk getirmek ugrunda iş alyp barýandygyny türkmen propagandasy tassyklaýar. Bu prosese köpçülikleýin habar serişdeleriniň goşuljakdygyna, şol işiň gidişini açyk yzarlap biljekdigine, býurokratlar tarapyndan kanunlaryň bozulyşy barasynda jemgyýtçiligi habarly edip durjakdygyna türkmenistanlylar bil baglap bilermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG