Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ses berişlik işleri tamamlandy


Owganystanda saýlaw uçastoklary ýapyldy. Prezidentlik we welaýat geňeşlikleri boýunça geçirilen bu saýlawlarda ses berişlik üçin berilen möhlet bir sagat uzadylypdy.

Owganystandan gowuşýan habarlarda, saýlaw uçastoklarynyň ýapylan wagtynda hem ses bermek üçin baran adamlaryň uly bir böleginiň öz nobatyna garaşyp duranlygy aýdylýar.

Saýlawlar üçin bellenilen möhletiň gutarmagyna garamazdan olara ses bermäge rugsat edilipdir. Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, bu saýlawlar umuman parahatçylykly ýagdaýda geçipdir.

Ses berişlige gatnaşanlaryň sany barada häzirlikçe bir zat aýtmak kyn, emma BMG-nyň Kabuldaky missiýasynyň metbugat wekili Alem Syddykynyň aýtmagyna görä, olaryň sany guwandyryjydyr.

NATO-nyň Baş-sekretary Andres Fog Rasmussen hem saýlawlaryň geçiriliş usulynyň orän gowydygyny aýtdy. Ol, Talyplaryň abandyrýan howpy zerarly saýlaw uçastoklarynyň sany az bolar diýlip garaşylypdy, emma açylan merkezler garaşylandan köp boldy, diýdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem, ses berişlik işleri tamamlanandan soňra eden çykyşynda, Talyplar tarapyndan haýbat atylmagyna garamazdan halkyň bu çärä gatnaşanlygy üçin, olara minnetdarlygyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG