Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanly aktiwist tussag edildi


Polisiýanyň wakanyň bolan ýerinde geçiren derňewi Žowtisiň sypara ýeriniň ýokdugyny görkezdi.

Polisiýanyň wakanyň bolan ýerinde geçiren derňewi Žowtisiň sypara ýeriniň ýokdugyny görkezdi.

Adam hukuklary we kanunyň dabaralanmagy boýunça Halkara edaranyň başlygy Žowtis 26-njy iýulda öz maşynynda barýarka ýol heläkçiligi boldy we bir ýaş adam öldi. Žowtis indi bilkastdan adam öldürenlikde we ýol düzgünlerini bozmakda aýyplanýar. Eger günäli tapylsa, Žowtisiň bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi ahmal.

Düýbi Amerikadaky “Human Rights Watch” guramasy Žowtisi adalatly sud etmäge çagyrdy. “Halkara Aklawçylar” topary we Žowtisiň Gazagystandaky tarapdarlary bu ýol heläkçiligi boýunça işleriň alnyp barlyşyny sorag astynda goýdular. “Human Rights Watch” guramasy öz ýaýradan beýannamasynda Gazak hökümetiniň özüni tankytlaýanlara azar berýändigini belledi we muny Žowtisiň işi boýunça ulanmazlyga çagyrdy.

Ýol heläkçiliginiň yzysüre geçirilen ilkinji synag Žowtisiň ganynda alkogolyň ýokdugyny görkezdi. Şeýle-de, polisiýanyň wakanyň bolan ýerinde geçiren derňewi Žowtisiň sypara ýeriniň ýokdugyny görkezdi.

Habarlara görä, bu hadysa, haçanda Žowtis maşynly barýarka, onuň öňüni bir içgili adam kesip geçende bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde Gazak häkimiýetleri ikinji derňewi geçirmegi talap etdiler we Žowtisiň ganyndan alkogol tapyldy. Şeyle-de, bu synag adam ölümine sebäp bolan wakanyň öňüni almak mümkin eken diýen netijä geldi.

Gazagystanly adam hukuklaryny goraýjylar we hökümetiň tankytçylary häkimiýetleriň bu wakany Žowtise basyş etmek hem onuň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly onuň garşysyna çäre görmek üçin ulanmaklarynyň mümkinliginden howatyrlanýarlar.

"Hökümetiň pozisiýasyna bagly"

Ýerli syýasat boýunça Gazagystanly garaşsyz ekspert Aýdoş Sarym bu suduň hökümetiň pozisiýasyna baglydygyna ynanýar. “Golaýda käbir adamlar bu wakany häkimiýetleriň gurnandygyny aýtdylar. Men muňa ynanmaýaryn. Şol bir wagtyň özünde suduň netijesiniň alada goýýandygy barada dürli pikirler bar. Meniň pikirimçe, köp zat Astananyň pozisiýasyna bagly. Eger-de biz Žowtisiň işi barada gürrüň etsek, elbetde, onuň ýokary derejeli häkimiýet wekilleri arkaly çözülmegi mümkin. Bu sud prosesiniň aňyrsynda syyasy sebäpleriň bar bolmagy ahmal”.

Gazagystanyň häkimiýetleri bu wakanyň syýasy äheňlidigini inkär edýärler. Bu barada Milli howpsuzlyk komitetiniň metbugat wekili Beknazarow biziň radiomyzyň Gazak gullugyna şeýle diýdi. “Žowtisiň ýol heläkçiligine sebäp bolandygy baradaky wakada ýenede KNB aýyplanýar. Bu bolmajak zat. Biziň ýol heläkçilginiň pidasyna psihotropik dermanlary sanjym edip, maşynyň tigriniň aşagyna taşlandygymyz baradaky gürrüň ynanar ýaly zat däl. Bu asla bolmajak zat ahyryn.”

Žowtisiň sud işine ekspertler berk gözegçilik edýärler. Gazagystan 2010-njy ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk eder. Hut şonuň üçin-de Gazagystanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna uly üns berilýär.
XS
SM
MD
LG