Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Buşa köwşüni zyňan žurnalistiň tussaglykdan boşadylmagyna garaşylýar


2008-nji ýylyň ahyrynda Bagdatda geçirilen metbugat konferensiýasynda Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Jorj Buşa köwşüni zyňan yrakly žurnalist Muntazer al-Zaýdi şu gün tussaglykdan boşadylar diýlip garaşylýar.

Muntazer al-Zaýdi Yrak urşunyň inisiatory Jorj Buşy «it» diýip atlandyrmak hem-de oňa köwşüni zyňmak arkaly, Buşun mertebesini kemsidenlikde aýyplanylyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ýöne birneme soňra onuň tussaglyk möhleti kemeldilipdi.

Muntazer al-Zaýdiniň maşgala agzalary onuň şu gün azatlyga goýberiler diýlip garaşylýandygyny mälim etdiler. Ýöne bu maglumaty Muntazer al-Zaýdiniň aklawçysy häzirlikçe tassyklamady.
XS
SM
MD
LG