Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ipoteka kimlere elýeterli?


2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ipoteka bermek bilen meşgullanýan “Prezident” banky karz berýän möhletini 15 ýyldan 30 ýyla çenli uzaltdy.
2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ipoteka bermek bilen meşgullanýan “Prezident” banky karz berýän möhletini 15 ýyldan 30 ýyla çenli uzaltdy.
“Turkmenistan.ru” internet gazýeti 10-njy sentýabrda Türkmenistanda ipotekanyň, ýagny ýaşaýyş jaýlarynyň ilata elýeterli bolmagy üçin berilýän karz puluň mukdarynyň ösýändigi barada maglumat ýaýratdy.

Bu maglumatda Türkmenistanyň wise-premýeri Tuwakmämmet Japarowyň Türkmenistanyň raýatlaryna has oňaýly öýlerdäki ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin amatly şertleri we mümkinçilikleri döretmek maksady bilen ipoteka karzlaryny bermegiň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýdandygy habar berlipdir.

Ipoteka kime elýeterli?

Türkmenistanda ýaşaýan ýerli synçy hem garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew “Ipoteka jaý almak meselesi diňe aýlyklary ýokary bolan hökümet edaralarynyň işgärlerine, ady belli firmalaryň ýolbaşçylaryna ýa-da şol firmalarda ýokary wezipeleri eýeleýänlere elýeterli. Hatda her ýylda köne pul bilen 200, 300 million manat gazanýan kärendeçilere-de ipoteka berilmeýar” diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gazagystanly ykdysatçy Pert Swoik ipoteka-karzyny bermek sistemasynyň ykdysadyýetiň ösüşi meselesinde oýnaýan rolundan onuň sosial ähmiýetiniň has ýokarydygyny aýdýar. Ol ipoteka sistemasynyň gaty amatlydygyny belläp, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Ipoteka diýmek öz eýeçiligiňde galjak emlägi satyn almak üçin karz almaklygy aňladýar. Mysal üçin, jaý satyn almak üçin köp möçberdäki serişdesi bolmadyk adamlar karzyna şol jaýy satyn alyp, onda ýaşap, karzyny doly ödemese hem şol jaýyň hözürini gorup bilýärler. Sebäbi maşgala öz jaý meselesini çözse, galan kynçylyklary başdan geçirmek aňsat bolar. Ýagny ipoteka jemgyýete iň gerekli kreditleriň biri”.

Şonuň üçin Gazagystandan tapawutlylykda Türkmenistanda ipoteka-kreditlerine hökümet tarapyndan gözegçilik edilmegine şeýle kreditleriň ösüş prosentiniň ujypsyz 1%-e barabardygyna ykdysatçy ýokary baha berdi.

Türkmen metbugatynda berilýän maglumatlara göz aýlasak, ýurtda berilýän ipotekalaryň başga-da oňaýly taraplary bar. Mysal üçin, 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ipoteka bermek bilen meşgullanýan “Prezident” banky karz berýän möhletini 15 ýyldan 30 ýyla çenli uzaltdy. Karzyna alnan puluň esasy möçberiniň töleg möhleti bolsa, bäş ýyl yza çekilýär. Şunuň bilen birlikde ýaşaýyş jaýlaryna isleg bildirip, nobata duran raýatlar mundan öň jaýyň bahasynyň 10 prosentini öňünden tölemäge borçly edilen bolsalar, häzirki wagtda şol töleg ýatyrylyp, jaýyň bahasyny 30 ýylyň dowamynda doly töläp gutarmaly diýlen düzgün hem girizilipdir.

Şertler we päsgelçilikler

Ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, hökümet tarapyndan döredilen şu hili amatly şertlere garamazdan, Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň ilat köpçüligine elýeterliligi henize-bu güne çenli ýokary däl. Aýdylmagyna görä, muňa jaýlaryň bahasynyň aşa gymmatlygy sebäp bolýar.

Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň pikiriçe, ýurtda jaýlaryň bahasynyň ilatyň aýlyklaryndn birnäçe esse çalt ösmegi jaýlaryň ilat köpçüligine elýeterli bolmazlygyna getirdi. “2003-nji, 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende daşary ýurt firmalarynyň guran jaýlarynyň bahasy 10-15 esse gymmatlady. Käbir adamlar öň dollaryň kursy 4200 manatdy, soňra 14 müňden gowrak boldy diýýärler. Emma şeýle bolaýanda-da, hökümet tarapyndan kesgitlenýän bahalar 3 esse ýokarlanmalydy. Bu düşnüksiz ýagdaý. Häzir Aşgabatdaky jaýlaryň bahasy 70-300 müň dollar aralygynda bolup durýar.”

Çehiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda ipoteka almak isleýän adam banka öz girdejileri hem çykdajylary barada doly maglumat bermeli. Şol maglumatlaryň esasynda bankyň analitikleri hasaplap, şol adamyň ipoteka karzyny yzyna tölemäge mümkinçilikleriniň bardygyny ýa ýokdugyny seljerýärler. Diňe şondan soň karz bermek barada netije çykarylýar. Ýagny adamyň girdejisinden çykdajylary aýrylyp, artan serişdeleri ipotekany tölemäge ýetse, diňe şonda ipoteka karzy berilýar. Şeýle-de ipoteka alýan adam soraýan karzynyň möçberine barabar serişdä öz ömrüni hem satyn alýan emlägini ätiýaçlandyrmaly.

“Türkmenistanda bolsa, hökümet edarasynda işleýän adamyň ipotekasynyň 50%-i işleýän edarasy tarapyndan tölenýän ýagdaýynda-da, ipotekanyň galan 50%-ni çözmek üçin her aý şol adamynyň alýan tutuş aýlygyndan köp serişde gerek bolýar” diýip, žurnalist Dowletmyrat Ýazgulyýew aýdýar.

Degişmeli mysal

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew hem ipoteka sistemasynyň ilatyň sosial üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini aýdyp, köp ýurtlarda bu sistemanyň ýaşaýyş jaýlarynyň halk köpçüligine elýeterli bolmagy üçin döredilendigini belledi. Ol bu barada bir degişmäniň bardygyny aýdyp, ony şeýle gürrüň berdi: “Ahyrýetde bir hytaýly bilen amerikaly duşuşypdyrlar. Amerikaly “men 30 ýyllyk ipoteka alyp, şol öyde bagtly ýaşap, çagalarymy ýetişdirdim. Düýn ölmezimden öň soňky karzymy töledim. Indi çagalarym hiç bir bergisiz, şol jaýda bagtly ýaşap bilerler” diýip, gürrüň berýär. Hytaýly bolsa: “Men 30 ýyllap pul tygşytladym. Düýn ölmezimden öň şol tygşytlan serişdäme jaý satyn alyp, bir gün onda bagtly ýaşadym. Indi meniň hem kynçylyk görüp ösen çagalarym şol jaýyň hözürini görüp bilerler diýipdir”.

Ykdysatçynyň pikiriçe, bu degişme ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak meselsinde ipoteka karzynyň kredit sistemasynda berilýän hemme karzlardan halka iň gerekli kreditdigini görkezýär. Onuň aýtmagyna görä, ýaşaýyş jaýlarynyň bahalary ilatyň alýan aýlyklaryna görä kesgitlenmeli.

“Türkmenistanda işsizlik derejesiniň ýokary bolmagy, korrupsiýanyň gülläp ösmegi ipoteka sistemasynyň ýola goýulmagyna päsgel berýär” diýip, ykdysatçy aýdýar. Ol Türkmenistanda häzirki dörän ýagdaýyň 10 ýyl mundan ozal Gazagystanda dörän ýagdaýa meňzeýändigini belläp, bu barada howatyrlanma bildirdi.

Ynsan hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulin ýurduň Lebap hem Mary welaýatlarynyň häkimiýetlerinde serişde ýetmezçiligi ýüze çykyp, häkimiýet başyndakylar uzak möhletleýin ipoteka alan adamlardan krediti gysga wagtyň içinde tölemegi talap edýärler diýip belleýär.

Hukuk goraýjynyň tassyklamagyna görä, gysga wagtyň içinde karz alan puluny töläp bilmeýänler öýsüz galýarlar. Tölänler bolsa, şonça serişdäni nireden aldyň diýen sowala jogap bermek üçin organ işgärleri tarapyndan çagyrylýar diýip, hukuk goraýjy aktiwist Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.
XS
SM
MD
LG