Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we ABŞ “START” atly ylalaşyga gol goýmaga razy


Orsýetiň prezidenti Medwedew we Amerikanyň prezidenti Obama öz ýurtlarynyň ýadro arsenallaryny çäklendirýän täze “START” atly ylalaşyga gol goýmagyna razydygyny aýtdylar.

Olar BMG-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasy wagtynda duşuşdylar.

Amerika we Orsýet dekabrda möhleti tamamlanýan START atly ylalaşygy çalyşjak täze ylalaşyga gol goýjakdygyna umyt edýärler.

BMG-nyň Baş Assambleýasyndaky çykyşyndan soň Orsýetiň prezidenti Medwedew Eýran meselesi barada durup geçdi we dünýä ýadro ýaraglary hakynda Eýrany dogry ugra gönükmäge kömek etmeli diýdi.

Ol käte “ ykdysady gadaganlyklaryň gutulgysyzdygyny” sözüne goşdy. Prezident Obama bolsa, eger Eýran ýadro barlaglaryndan el çekmese, möhüm gadaganlyklara seredilmelidigini aýtdy.

Orsýet ýadro programmasy baradaky şübhe sebäpli, Eýrana garşy 4-nji gadaganlyklary girizmäge dolanylmagyny aradan aýyrmaýar. Bu barada Orsýetli resmi aýtdy.

Adynyň tutulmagyny islemedik şol resmi “eger düýpli deliller bolsa, biz Eýrana garşy gadaganlyklary aradan aýyrmarys” diýdi.

Emma, ol Moskwanyň ilki bilen Eýranyň ýadro programmasy barada Halkara Atom Energiýa Edarasynyň ahyrky statusyny görmek isleýär diýdi.
XS
SM
MD
LG