Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystana "Hizb-ut-Tahririň" täsiri ýaýrady


Özbegistanda we Täjigistanda "Hizb-ut-Tahrir" ýaragly hüjümlerde aýyplandy.
Özbegistanda we Täjigistanda "Hizb-ut-Tahrir" ýaragly hüjümlerde aýyplandy.

Geçen ýyl Gyrgyzstanyň günortasyndaky Nookat obasynyň ýaşaýjyaryna ýerli stadionda Oraza baýramyny bellemek gadagan edilensoň dörän protestler polisiýa tarapyndan basylyp ýatyrylypdy.

Şol protestleriň guramaçylygynda häkimiýetler "Hizb-ut-Tahrir" guramasyny aýypladylar we protest çykyşlaryna gatnaşanlaryň ençemesini tussag etdiler. Yz ýany geçirilen suduň permany yglan edilende, protestiň guramaçylygynda günälenenleriň arasynda iki zenanyň azyndan 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilenligi mälim boldy.

Suduň permany hem ýurduň içinde, hem daşynda köpleri geň galdyrypdy, sebäbi Gyrgyzystanyň sud sistemasy, adatça, aýallar babatynda ýumşaklygy bilen tapawutlanýar. Emma bu sapar gyrgyz häkimiýetleri Gyrgyzystanda ekstremistik hasaplanylýan "Hizb-ut-Tahrir" ýaly guramalara goşulmaga meýil görkezen islendik adama berk duýduryş bermek isläne meňzediler.

Müňlerçe aýal agzalar

Emma şol wakalardan bir ýyl geçip, aýallaryň guramadaky roly Gyrgyzystanda köpçüligiň üns merkezine düşensoň, “Halkara Krizis Toparynyň” ýaýradan täze hasabatynda Gyrgyzystanda "Hizb-ut-Tahrir" guramasynyň müňlerçe aýal agzalary bolmagy mümkin diýen maglumaty ýaýratdy. “Aýallar we Gyrgyzystanyň radikallaşmagy” atly maglumatynda “Halkara Krizis Topary” Gyrgyzystanda "Hizb-ut-Tahriryň" 8 müňe golaý agzasynyň bardygyny çak edýär we olaryň 800-den 2000-e çenlisiniň aýallardygyny aýdýar.

"Halkara Krizis Topary" ýurtdaky garyplyk we aýallar üçin mümkinçilikleriň örän çäklidigi bu sanyň ýene artmagyna getirip biler diýip ýazýar.

Gyrgyzystanda aýallaryň hak-hukuklaryny gorýajy aktiwist Aziza Abdyrasulowa ýurduň barha ýaramazlaşýan ykdysady ýagdaýynyň we korrupsiýanyň gülläp ösmegi ýaly beýleki kynçylyklaryň aýallaryň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýanlygyny belledi.

“Durmuşynyň her gününi kynçylyklara garşy göreşip geçirmeli bolýan aýallaryň yslama tarap öwrülýän bolmagy mümkin. Sebäbi hökümetden hiç hili ýardam bolmansoň, olaryň geljege umydy gaçýar. Şeýlelikde olar yslama, hudaýa tarap öwrülýärler. Emma bu olaryň "Hizb-ut-Tahririň" ýa beýleki ekstremistleriň yzyna düşýänligini aňlatmaýar” diýip, Aziza Abdyrasulowa aýtdy.

"Hizb-ut-Tahririň" taryhy

"Hizb-ut-Tahrir" regionda 1990-njy ýyllaryň başynda ilki Özbegistanda döräpdi. Şu günki gün gurama Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda gadagan edilen. Regionyň hökümetleri "Hizb-ut-Tahrire" dünýewi döwletlere wehim salýan topar hökmünde garaýarlar. Özbegistanda we Täjigistanda "Hizb-ut-Tahrir" ýaragly hüjümlerde aýyplandy. Gurama agza bolmakda şübhelenýän adamlar uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilýär.

"Hizb-ut Tahririň" özi bolsa, yslam halyfatlygyny döretmek niýetini yglan edýär, emma zorluk ulanmagy ret edýär. Gadagan edilen bu topar Gyrgyzystanda ýurduň has konserwatiw günorta regionlarynda aktiw bolupdy.

Halkara Ktizis Toparynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda "Hizb-ut-Tahririň" täsiri tutuş ýurda ýaýrady. Gurama öz hataryna täze agzlary çekýär. Gyrgyztsandaky ýagdaý tutuş region boýunça iň agyr hasaplanylýar.

Sowet Soýuzy dargansoň, erkin bazar ykdysadyýetine geçiş döwri uzaga çekip, örän agyr geçýän ýurtda aýallar köplenç işini we jemgyýetdäki ornuny ýitirýärler. Soňky ýyllaryň dowamynda aýallaryň arasyndaky işsizlik erkeklere garanda bir ýarym esse ýokary. Köp aýallar bazarlarda söwda bilen gün görýärler.

“Aňsat ýol”

Merkezi Aziýada resmi hasaba alnan ýeke-täk yslam guramasy bolan Täjigistanyň “Yslam Galkynyş Partiaýsynyň” başlygy Muhiddin Kabiriniň sözlerine görä, käbirler "Hizb-ut-Tahrir" guramasyna özleriniň kynçylyklaryny çözmek ugrunda “aňsat ýol” hökmünde garaýarlar.

“Hiz bir Tahrir" Yslam Halyflygyny döretmegi teklip edýär we halyflyk bolsa Merkezi Aziaýda hiç hili serhetleriň, gümrügiň we korrumpirleln polisiýanyň bolmajagyny aýdýar. Meselem, özbek daýhanlarynyň öz harytlaryny Duşenbede, Aşgabatda ýa Almatyda gümruk ýa polisiýa tarapyndan päsgelçilik döredilmezden arkaýyn satyp biljegini aýdýar. Şeýlelikde korrupsiýadan ýadan we hökümetlere ynamsyz garaýan adamlar şeýle wadalara şübhe bildirmeýärler” diýip, Muhiddin Kabiri aýtdy.

M.Kabiri "Hizb-ut-Tahririň" ideýalaryny berk ýazgardy we hakykata gabat gelmeýän gury hyýal diýip atlandyrdy. Şol bir wagtda-da guramanyň ideýalarynyň çykgynsyz ýagdaýa düşen aýallar üçin ýeke-täk çykalga bolup görünýän bolmagyny çak etdi.
XS
SM
MD
LG