Sepleriň elýeterliligi

Ruhnama we kölegede galan “beýiklik”


Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow, Moskwa, 9-njy maý, 2005 ý.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow, Moskwa, 9-njy maý, 2005 ý.

Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň gün geçdigiçe adynyň ýitip barýandygy bilen bagly ýagdaý köp halkara synçylary geň galdyrman durmasa gerek.

Nyýazowyň ady gündelik durmuşdanam, propagandadanam, geçmiş taryhdanam, ýurduň geljekki ösüş ýollary baradaky analizlerdenem ýok bolup barýar.

Ynsanyň alyp barýan işleriniň haýsy ugruny alsaň alaý, iki ýarym ýyl gowrak mundan öň Türkmenistanyň graždanlary üçin güni, suwy, hossarlaryny, hat-da gündelik durmuşynyň deregini tutan adamyň ady indi hiç ýerde ýok.

Ýurtda bir adam bardy, başgalar hiç kimdi. Ondan bäri bar geçeni 800-900 gün, beýikleriň beýiginiň özem, onuň özi barasynda döreden rowaýatdyr miflerem ýyldyrym uran ýaly, bugaryp, ýom-ýok boldy.

Köne režimiň ýaramaz täsirleri

Nyýazowyň ak patasy bilen döredilen prinsipler, onuň guran sistemasy ýitirim bolýarmy? Ýogsa-da, onuň sistemasynyň ýaramaz netijeleri jemgyýetde özüni görkezýärmi?

Bu soraga ýurduň graždanlarynyň özleri jogap tapmaly. Ýöne onuň ady welin, hiç zada öwrülip barýar, bu şu günki günüň hakykaty. Indi haýsydyr bir aýratyn ýagdaý bilen bagly Nyýazowyň ady tutulaýsa-da, ol gaty erbet görüljek. Nejislik atlandyrylmagy-da mümkin.

Mysal hökmünde “Täze galkynyş eýýamynda ylym we bilim dünýä ylym-bilim sistemasynda” atly halkara konferensiýany alyp göreli. Oňa otuz gowrak ýurtdan tanymal alymlar geldi.

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda ylym-bilimi ýoga çykaran, külüni asmana sowran Nyýazowy şol alymlar ýatlap bilermi?

Ýa-da şu günki türkmen medeni durmuşyndan ýene bir waka: Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri Türkmenistanyň at gazanan artisti Läle Begnazarowanyň Samarkantda geçen Halkara festiwalyň iň ýokary baýragyna mynasyp bolandygyny buýsanmak bilen habar berdiler. Şu wakanyň fonunda öňler islendik waka bilen bagly hökman ady tutulýan adamy ýatlamak ýerliklimi?

Hökmürowan adamyň unudylmagy

Öz wagtynda diýseň hökmürowan adamyň adynyň ýatdan çykarylmagy käbir halatlarda diýseň haýran galdyrýar. “Türkmenistan: Altyn asyr” resmi internet saýty ”Ruhnama” gününi bellemäge görülýän taýýarlyklar barada maglumat çap etdi. Onda “Ruhnamanyň” dürli dillere terjimesi barada jikme-jik gürrüň edilýär.

Ýüz ugruna G.Berdimuhamedowyň kitaplary agzalýar. “Ruhnama - kalbym meniň” atly köpçülikleýin edilen işe gatnaşan hudožnikleriň-suratkeşleriň atlary sanalýar. Olar dört adam: P.Garryýew, A.Kulyýew, A.Jumanyýazow we O.Lallykow. Hemmeleriň ady bar-da, “Ruhnamanyň” awtory hökmünde beýiklikde asman, arş bilen deňeşdirilen, ýurduň diregi atlandyrylan adamyň - S.Nyýazowyň ady welin tutulmandyr.

S.Nyýazowyň ady bilen bagly sanalyp geçilen tendensiýalardan çen tutup, halkara synçylar: “Türkmenbaşynyň adynyň unudylmagy onuň guran sistemasynyň gitse-gelmeze gitmegine näderejede täsir ýetirer?” diýen soragy berýärler.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG