Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewkurowa hüjüm edenler ýok edildi


“Inguşystanyň prezidenti Ýunusbek Ýewkurowyň janyna kast edişligi gurnanlar kanun goraýjy organlaryň geçiren operasiýasynda ýok edildi” -diýip, Orsyetiň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy Bortnikow aýdypdyr.

Onuň sözlerine görä, şol iki adam inguş jemagaty diýilýäniň liderleridir.

Inguşystanyň prezidentiniň janyna 22-nji iýunda kast edildi. Nazranyň golaýynda prezidentiň awto kerwenine janyndan geçen bombaly maşyn bilen baryp urdy, şonda Ýewkurow agyr ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG