Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hommat Müllügiň 70 ýyllygy bellendi


Hommat Müllük
Hommat Müllük

Aşgabadyň 23-nji orta mekdebi belli aktýor,Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 70 ýyllygyny belledi.

Hommat Müllük şol mekdepde bilim alypdy. Soňra Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky Teatr institutyny tamamlady. Ol Mollanepes adyndaky türkmen döwlet Drama teatrynda aktýor bolup işe başlady. Soňra täze açylan Ýaş tomaşaçylar teatrynda aktýor boldy.

Hommat Müllük tetar sahnasynda ençeme ýatda galyjy obrazlary döretdi. Ýöne oňa uly şöhrat kino sungatyndan geldi. Ol Aýgytly ädim filminde Mawynyň roluny örän ussatlyk bilen oýnady. Magtymguly filminde bolsa beýik akyldar Magtymgulynyň ýaşlyk ýyllarynyň keşbini döretdi.

Hommat Müllük örän sowatly hem medeniýetli ynsandy. Şonuň üçin ol gahrymanyň içki dünýäsini janlandyryp bilýärdi.

Aradan çykandan soňra okan mekdebine Hommat Müllügiň ady dakyldy.
XS
SM
MD
LG