Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Frans Telekomda 18 aýda 25 adam janyna kast etdi


Frans Telekom kompaniýasynyň barlaglar we ösüş merkeziniň işgäri öz janyna kast edip ölüpdir.

Bu waka Frans telekomda işleýän beýleki adamyň janyna kast etmäge synanşan wagty halas edileninden 2 günden soň bolup geçdi.

Soňky 18 aýyň dowamynda bu kompaniýada işleýan 25 adam öz janyna kast edip dünýaden ötdi.

Öň hökümete degişli bolan Frans Telekom kompaniýasy 2006-2008-nji ýyllar aralygynda 22 müň iş ýerini gysgaltdy.

Kompaniýanyň işgärleriniň öz janlaryna kast etmekleriniň aňyrsynda işsiz galmak gorkysy sebäpli döreýän stresiň ýatandygy çaklanýar.
XS
SM
MD
LG