Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyk boldy


Täjigistanda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşygyň netijesinde dört söweşiji öldürilipdir.

Şol öldürilenleriň Özbegistanyň yslam hekeretiniň agzalary çak edilýändigini IIM–niň wekili habar beripdir.

Operasiýalarda talyplaryň tarapynda söweşmek üçin bu gurama öz agzalaryny Owganystana ugradýar. Ozbegistanyň yslam hekereti “Al Kaýydanyň” soýuzdaşy hasap edilýär.

Soňky aýlar Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleri Özbegistanyň yslam hekeretiniň söweşijileri bilen ençeme gezek çaknyşypdy.

Bu ýagdaý Owganystanda hereket edýän ekstremistler tarapyndan ýaýbaňlandyrylýan zorluk aktlarynyň alamaty bolup biler - diýip, synçylar hasap edýär.
XS
SM
MD
LG