Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada prezident saýlawlarynyň öň ýanyndaky kampaniýa başlandy


Şu gün Ukrainada prezident saýlawlarynyň öň ýanyndaky kampaniýa resmi taýdan başlandy.

Ýurtdaky iň ýokary kürsä dalaş etjekleriň arasynda häzirki döwlet baştutany Wiktor Ýuşenko, premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko, Regionlar partiýasynyň lideri Wiktor Ýanukowiç, parlamentiň öňki başlygy Arseniý Ýasenýuk, kompartiýanyň lideri Petr Simonenko, Ýokary Radanyň başlygy Wladimir Litwin bar.

Kandidatlary hödürlemek 6-njy noýabra çenli dowam eder.

Ukrainada prezident saýlawlary 2010-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda geçiriler.

XS
SM
MD
LG