Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Päkistan hüjümleri derňemekde Eýrana kömek bermekçi


Päkistan häkimiýetleri Yslam rewolsiýasynyň sakçylary korpusynyň harbylaryna edilen hüjümi derňemekde doly kömek berjekdigine Eýran hökümetini ynandyrypdyr.

Mundan öň Eýran telewideniýesi bazar güni ýurduň gündogarynda bolan partlamada ölenleriň sanynyň 42 adama ýetendigini habar beripdi.

Heläk bolanlaryň arasynda, esasan, yslam rewolýusiýasynyň sakçylary korpusynyň agzalary, şol sanda ýedi sany ýokary derejeli komandir bar.

Partlamanyň jogapkärçiligini “Jundalla” sünni topary öz üstüne alypdyr. Mundan öň Eýranyň prezidenti Ahmedinejat terakta gatnaşykda Päkistanyň ýörite gulluklaryny aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG