Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda janyndan geçeniň hüjümi boldy


Eýranyň döwlet telewideniýesi bu hüjümiň jogapkärçiligini “Jundallah”, ýagny “Hudaýyň esgerleri” atly sünnüleriň toparynyň öz üstüne alandygyny habar berdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesi bu hüjümiň jogapkärçiligini “Jundallah”, ýagny “Hudaýyň esgerleri” atly sünnüleriň toparynyň öz üstüne alandygyny habar berdi.

18-nji oktýabrda Eýranyň günorta-gündogarynda janyndan geçeniň hüjümi netijesinde azyndan 42 adam heläk boldy, olardan birnäçesi Yslam rewolusion gwardiyasynyň ýokary derejeli wekilleridir.

Bu wakada Sistan-Bulujystan welaýatynyň Pişin şäherinde ýerli taýpalaryň ýaşulularynyň maslahatynda ölümine kaýyl hüjümçi özüni partladypdyr.

Eýran häkimiýetleri amala aşyrylan bu hüjümiň aňyrsynda ABŞ-nyň, Britaniýanyň hem Pakistanyň aňtaw gulluklarynyň durandygyny aýdýarlar.

19-njy oktýabrda Eýranyň ýadro programmasy babatda Wenada geçiriljek gepleşikleriň öňüsyrasynda ýüze çykan bu waka Eýranyň Günbatar ýurtlar bilen gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrmagy gaty ähtimal.

Basyşy artdyrmaga pursat

Şeýle-de bu hüjüm Sistan-Bulujystan welaýatynda höwpsuzlyk çäreleriniň has berkidilmegine getirmegi mümkin. Bu welaýatda onsuz hem höwpsuzlyk güýçleri bilen pitneçileriň we neşe gaçakçylarynyň arasynda gaty köp çaknyşyklar bolup geçýärdi.

Londonly analitik Abdol Sattar Doşoki Eýranyň häkimiýetleriniň pursatdan peýdalanyp, bu hüjümden soň öz garşydaşlaryna basyşy artdyrjakdyklaryny çaklaýar: “Gynansak-da, biziň režimimiz hemme zady güýje daýanyp çözmek isleýän, öz maksatlaryna ýetmek üçin harby güýji ulanýan režim. Şeýle syýasatyň netijesinde Tähranda hem Bulujystanda zorlyk ýaýraýar” diýip, analitik Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Eýranyň “Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary” bu hüjüm bilen bagly ýaýradan öz düýnki beýanatlarynda onyň amala aşyrylmagyna ABŞ-nyň ýardam berendigini ýazdylar. Eýran parlamentiniň spikeri Ali Larijani hem 18-nji oktýabrda amala aşyrylan bu hüjüme ABŞ-nyň dahyly bar diýdi.

“Jundallah topary”

Eýranyň döwlet telewideniýesi bu hüjümiň jogapkärçiligini “Jundallah”, ýagny “Hudaýyň esgerleri” atly sünnüleriň toparynyň öz üstüne alandygyny habar berdi.

Bu regiondaky žurnalist, “Sobhe Zahedan” hepdeliginiň baş redaktory Emadedin Mazariniň pikiriçe, Sistan-Bulujystan welaýatynda amala aşyrylan hüjümiň “Jundallah” topary tarapyndan gurnalandygyna ynanyp bolar. Sebäbi agzalan topar bu welaýatda amala aşyrylan birnäçe ganly hüjümi gurnandygy bilen tanalýar.

“Şu günki hüjüm öz görnüşi hem tebigaty bilen bu regionda öň amala aşyrylan hüjümlere gaty meňzeýar. Şonuň üçin onuň Abdol Malek Rigginiň ýolbaşçylygyndaky terrorçy topar tarapyndan gurnalan bolmagy gaty ähitmal.” diýip, žurnalist düýn, 18-nji oktýabrda radiomyza beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle-de žurnalist Mazari bu hüjümiň regionyň howpsuzlygyny berkitmek işine dürli tire-taýpalary goşmak babatda Eýran häkimiýetleriniň täze planlaryny bözmak maksady bilen amala aşyrylandygyny aýdýär. Ýagny Mazariniň pikiriçe, “Jundollah” toparynyň Buluç-sunni azlyklar bilen Eýranyň häkimiýetleriniň arasynda hiç bir ylalaşyga gelinmesin diýen niýetiň bardygyny çaklaýar.

ABŞ we Britaniýa hem aýyplandy

Bu wakadan öň hem Eýran häkimiýetleri ýurtdaky ýagdaýy dartgynlaşdyrmak ugrunda ABŞ-nyň hem Britaniýanyň iş alyp barýandyklaryny aýdyp, olary birnäçe gezek aýyplapdylar.

Bu waka bilen baglanşykly ýaýradylan beýanatda hem Eýranyň “Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary” agzalan hüjümiň-de, daşary ýurtlularyň sünnüler bilen şaýylaryň arasyna çöp atmaga gönükdirilen strategiýasynyň çäginde amala aşyrlandygyny ýazýarlar.

“Reýter” habar gullugy Päkistanyň premýer-ministri Ýosaf Raza Gilaniniň Eýranda amala aşyrylan terrorrçylykly hüjümi ýiti ýazgarandygyny ýazdy.

ABŞ we Britaniýa hem Eýranda amala aşyrylan bu ganly hüjümi ýazgaryp çykyş etdiler. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Jan Kelliniň beýanatynda hüjüme Amerikanyň dahylynyň bardygy baradaky aýyplamalaryň esassyzdygy aýdylýär.

Žurnalist Mazariniň pikiriçe, 18-nji oktýabrda amala aşyrylan bu hüjüm onsyz hem häkimiýetler tarapyndan ünsden düşürilen, basyş astynda saklanylýan Sistan-Bulujystan welaýatynyň syýasy, sosial hem ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler.

Eýranyň ýarym resmi “Fars habarlar gullugynyň” beren maglumatyna görä,
bu wakada heläk bolanlaryň arasynda gury ýer goşunlarynyň başlygynyň orynbasary Nurali Şuştariniň, general Rajabali Mohammadzadehiň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG