Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Portugaliýa respublikasynyň ilçisi işe başlady


Türkmen metbugatynda ýaýradylan maglumata görä, düýn 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa ýurduň prezidentiniň karary bilen Portugaliýa respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Žoze Manuýel de Karwalýo Lamerasdan ynanç hatyny kabul etdi.

Türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Duşuşygyň barşynda, türkmen-portugal hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşyldy.

Maglumata görä, portugaliýaly diplomat Türkmenistanyň DIM-inde kabul edildi, şeýle hem ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG