Sepleriň elýeterliligi

Çoluk Möwlamow

Özüm oba ýerinde doglup, obada-da önüp-ösemsoň, mal saklamagy gowy görýän. Şäherden jaý alamda-da demir ýoluň gaýrasyndan saýladym. Ol ýerler howly jaýlar. Merkezden daşrakda.

Şäherden alan howly jaýymda ýaşap ýörenime indi 25 ýyl töwerek dagy wagt bolandyr. Şu ýyllaryň dowamynda howlymda sygram sakladym, düýe-de. Az-owlak gurluşyk edemsoň, howlym biraz daraldy. Şonuň üçin soňky ýyllar diňe goýun saklaýan.

Dört-bäş aý mundan öň şeýle bir waka boldy.

Ir bilen turup, goýunlaryma ot-iým bereýin diýip mal ýatagyma bardym. Gözüme ynanmadym. Üç goýnumyň biri ýokdy. Men nämäň-nämedigine derrew düşündim. Göni polisiýa jaň etdim. Ýagdaýy düşündirdim.

Säher bilen eden jaňymdan soň, gün ýaşar uçurlary gara beren uçastok inspektory papagyny goltugyna gysypjyk geldi. Men oňa bolan ýagdaýlary düşündirdim.

Uçastok inspektory sesini çykarman meni diňledi. Soň bolsa mal ýatagyma aýlandy, howlymy synlady. Ahyrynda-da:

—Näme diýsene, ýaşuly, sen şäherde mal saklamagyň gadagandygyny, bu barada şäher häkiminiň ýörite kararynyň bardygyny bileňokmy? - diýip, menden sorady.

Uçastok inspektorynyň bu sözlerine men näme jogap berjegimi bilmedim. Şäherde mal saklamagyň gadagandygy baradaky häkimiň kararynyň üç ýyl mundan öň çykandygyndan habarym bardy. Ýöne muňa garamazdan, howly jaýlarynda adamlar mal saklaýardylar. Häkimlikden göni gelip, azar berip durmansoňlar, il deňinde menem mallarymy aýramokdym. Şonuň üçin uçastok inspektoryna ýagdaýy bolşuna görä düşündirjek boldum.

—Şäher ýerinde mal saklamagyň gadagandygyny bilýän...

Inspektor meniň sözümi tamamlamagyma salym bermedi:

—Bilýän bolsaň, onda jerime tölemeli bolarsyň.

Men inspektordan goýnumy ogurlan ogra nähili çäre boljakdygyny soradym. Şonda ol:

—Seniň özüň günäkär. Kim saňa goýun sakla diýýä. Men häzir seniň nädip arkaňda duraýyn. Seň özüň kanuny bozupsyň. Mal saklamaly däl diýlensoňam, howlyňda mal saklapsyň. Şonuň üçinem jerime tölemeli - diýdi.

Bu bolýan zatlara gaty gaharym geldi. Bir tarapdan, inspektoryň aýdýanlaram dogrudy. Men şäher häkiminiň kararyny ýerine ýetirmedik adam. Ýöne, näme-de bolsa, meniň şahsy emlägime el gatyldy ahbeti. Şuny men uçastok inspektoryna bir sagatlap düşündirjek bolsamam, başa barmady. Inspektor meseläni hiç hili çözmän, gelşi ýalam gitdi.

Bu meseläni ýöne goýasym gelmedi. Ogrularyň goýnumy ogurlanlary üçin däl-de, olaryň şu hereketlerine hiç hili temminiň berilmejekdigine beter janym ýanýardy. Goňşularyma, tanyş-bilişlerime sala salyp gördüm. Emma olaryň bary maňa: «Gideni bir goýun bolsun. Ýamandan boýuňy satyn alsana» diýip, maslahat berdiler.

Elbetde, bu ýagdaýyň hupbatyny diňe öz başyňdan geçirip göreniňde duýup bolýar. Ýöne nätjek, waka gaty çylşyrymlydy. Pikirlendigimçe, başym çaşyp barýardy. Dawalaşyp, alan galamyň bolmajakdygyna özümem düşünemsoň, ýagdaý bilen ylalaşmakdan başga alajyň ýokdugyna göz ýetirdim.

Çoluk Möwlamow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
XS
SM
MD
LG