Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşiginiň özüne agza däl ýurtlaryň garşysyna jeza sanksiýalaryny ulanmak baradaky geň taryhy uzak ömür sürmejege meňzeýär.

Bileleşigiň Daşary işler ministrleriniň dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolan Özbegistan baradaky çäklendirmeleri 27-nji oktýabrda ýatyrmaly etmegi sanksiýaly gürrüňler indi uzaga çekmän, soňlanar diýen pikiri oýarýar.

Geçen 10 ýyllykda Ýewropa Bileleşigi jeza çäreleriniň çylşyrymly toplumyny döretdi. Ol terrorizmde eli bar diýlip güman edilýän adamlaryň we guramalaryň mal-mülküni doňdurdy. Öz prinsiplerine ugurdaş däl hökümetleri tehniki goldawdan mahrum etdi. Syýasy sebäplere görä, raýatlaryny tussag edýän ýa öldürýän režimler bilen gatnaşygyny kesdi. Bu ýurtlaryň meşhur mysallary Özbegistan, Belarus, Birma we Zimbabwe bolup durýar.

Batyrlyk we taýýarlyk

Ýöne Ýewropa Birliginiň bu güýçli ynanjyny ornatmaga batyrlygy barmy? Munuň iň soňky synagy onuň özbaşdaklaryň döwletleriň üstünden höküm çykarara taýyn ýa taýyn däldigi.

Bu barada Bileleşigiň ýazgysy adamy umytdan düşürýär. Bähbitleriň prinsiplerden üstün tutulýan nokadyna baryp ýetilene meňzeýär. Bu babatda sapak alynmaly ýurtlar Özbegistan bilen Belarus. Bu postsowet diktaturalarynyň ikisi-de şol bir ýoly geçip, sanlyja ýyldan Ýewropa Bileleşiginiň çuň ýigrenjinden dynyp, onuň dialogda gymmatly partnýorlaryna öwrüldiler.

2005-nji ýylyň maý aýynda parahat protestçiler gyrlansoň, bileleşik Daşkent bilen ähli gatnaşyklaryny doňdurdy. Ýurduň ýokary derejeli resmilerine wiza gadagan edildi, ýarag embargosy girizildi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko 2006-njy ýylda parlament saýlawlaryny galplaşdyryp, oppozisiýanyň protestlerini basyp ýatyranda, özbek belasy Belarusyň başyna geldi. Ýewropa Bileleşigi ýokary derejeli resmilere wiza gadagançylygyny girizip, ýurduň pul aktiwlerini doňdurdy. Ýöne ol sanksiýalar girizileli aradan iki ýyl geçer-geçmez, çykalga agtaryp ugrady. Ownuk-uşak, köplençe hem dereksiz eglişikleriň öwezine sanksiýalar yzygiderli ýeňledildi.

Özbegistan dyndy

Indi hem Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryndan Özbegistan dyndy. Belarus bolsa doly aklanmaga tarap barýar. Muňa ýeke-täk ýa ýöntem düşündiriş ýok, diňe käbir meňzeşlikler bar.

Netijede Ýewropa Bileleşiginiň ahlak taýdan dünýä döwletleriniň öňbaşçysy diýlip ykrar edilmek azuwy tozdy gitdi. Munuň hem dürli sebäpleri bar. Bularyň aňyrsynyň Bileleşigiň 1990-njy ýyllarda Balkanlarda hiç bir işi bitirmäge güýjüniň çatmanlygyna baryp direýän bolmagy mümkin. Ýöne oňa has zyýan ýetiren zat - ýolbaşçylarynyň 2003-nji ýyldan, Yrak urşy başlanandan beýläk “multilateralizmi” wagyz edip gelenligidir.

Özbegistan bilen Belarusyň garşysyna sanksiýa girizilende, bularyň ikisi-de ähmiýetsiz diktaturalar diýlip hasaplanypdy. Ýöne Ýewropa Bileleşigi soňra dürli sebäplere görä, bu iki ýurda Orsýetiň gatnaşmagyndaky çylşyrymly regional göreşde esasy aktýorlar diýip garap başlady. Onsoň energiýa baý Orta Aziýa bilen bolan gatnaşyklarda öňe ilerlemek üçin Daşkendiň hoşniýetliligini gazanmak zerurlygy döredi.
XS
SM
MD
LG