Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaýgysyz Atabaýewiň portretine ştrihler


Gaýgysyz Atabaýew –häzirki türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri, sowet partiýa we döwlet işgäri, Orta Aziýada sowet häkimiýetini gurmak hem pugtalandyrmak baradaky işe aktiw gatnaşyjy, Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy.

Aşgabatly alym Annadurdy Annagulyýew:

“1908-nji ýylda Mustapa Kemal Atatürküň ýolbaşçylygynda kemala gelen ýaş türk rewolýusionerlerine kömek bermek maksady bilen şol ýyl Gaýgysyz Atabaýew Maryda komitet döredýär. Komitete Tatýana (Artykgül) Tekinskaýa, magaryfçy Muhammetguly Atabaýew dagy giripdir. Olar Türkiýäniň ýaş rewolýusiýasyna ýardam bermek üçin altyn-kümüş pullary toplapdyrlar. Şol pullar Türkiýä aşypdyr. Ýöne bir içaly bulary şugullapdyr, satypdyr. Türkmenistandaky patyşa jandarmeriýasy Tatýana Tekinskaýany hem Muhammetguly Atabaýewi türmä salypdyr. Ýöne Gaýgysyz Atabaýew olary türmeden halas etmegi başarypdyr”.

Aşgabatly žurnalist Ilaman Ýagmyrow:

“Köpi gören ýaşulular, gynansanam, azaldy. Galanlarynyň biri şeýle gürrüň berdi: Gaýgysyz Atabaýew bir oba arçyn saýlamaga barypdyr.Oba adamlary bir adamyň adyny tutup: “Ine, şu bize bolýar” diýipdirler. Gaýgysyz Atabaýew ýygnagyň gidişine syn edip, adamlaryň aýdýan sözlerini üns berip diňläp oturan eken. Ol ýeke adamyň-da sözüni bölmändir, gürrüňe goşulmandyr. Geplejek gepläp, aýtjak aýdansoň, oba ýaşulylary Gaýgysyz Atabaýewe ýüzleni: “Niçik görýäň biziň arçynymyzy?” diýip, onuň pikirini sorapdyrlar. Gaýgysyz egnini gysyp: “Aý, bilmedim” diýip, göwünli-göwünsiz jogap beripdir. “Näme göwnüňe ýaramadymy, eger oňa göwnüň ýetmedik bolsa, seniň diýeniňi ederis, onuň aladasyny etme” diýip, hökümet başlygynyň diýeninden çykmajakdyklaryny ýaşulular nygtapdyr. Onda Gaýgysyz Atabaýew: “Ozüňize ýaraýan bolsa, başga gürrüň bolmaz, dogrymy aýtsam, men başgarak bir kişini arçyn edinerdim.Ile ýarasa, maňa-da ýarar” diýip, bu obanyň adamlaryny täze saýlanan arçyn bilen gutlapdyr. Oba ýaşululary bilen hoşlaşanda, bu onuň iň soňky aýdan sözleri bolupdyr”.

Taryh ylymlarynyň doktory, akademik Bibi Pälwanowanyň Gaýgysyz Atabaýew baradaky uly göwrümli makalasyndan bölekler:

"Täleýi ters gelen bu görnükli döwlet işgäri ýigrimi ýyla golaý hökümet başlygy hökmünde öz halkyna hyzmat etdi. Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew legendar şahsyet. Ol Türkmenistanyň, Türküstanyň hem öňki Soýuzyň görnükli syýasy we döwlet işgäri. Berdi Kerbabaýew ol barasynda roman-hronika ýazdy. Gaýgysyz Atabaýew barasynda çeper filmler surata düşürildi, köp sanly makalalar ýazyldy. 37-nji ýylda repressiýa sezewar edilen Atabaýew 20 ýyldan soň, 1957-nji ýylyň 17-nji maýynda Bütinsoýuz Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Partiýa kontrollygy komiteti tarapyndan aklanýar.

Gaýgysyz Atabaýew diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin Orta Aziýada sowet häkimiýetiniň döredilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň gözbaşynda durdy. Ol partiýanyň we döwletiň iň täsirli ýolbaşçylarynyň biridi.Bu örän möhümdi, çünki sowet häkimietiniň ilkinji ýyllarynda tire-taýpa bölünişigi diňe saklanyp galmag-a däl, hat-da adamlar özleriniň tirelerine, aslyna diýseň buýsanýardylar. Gaýgysyz Atabaýew weli respublikanyň islendik obasynda arzyly myhmandy. Ol öň dagynyk taýpa-tireleri ruhy taýdan birleşdirmek, olary ahlak hem terbiýe tarapdan ösdürmekde, syýasy-ykdysady hem sosial problemalary çözmekde örän uly rol oýnady.

Gaýgysyz Atabaýewiň işlän ýyllarynda respublikan hem ýerli çäreler türkmen dilinde geçirilýärdi. Ol repressiýa düşende, käbir şyltakçylar muny Atabaýewiň milletçiligi hökmünde görkezmekçi bolupdylar. Türkmen ilatynyň esasy köplügi diňe ene dilini bilýärdi. Şonuň üçinem dürli ýygnaklarda edilýän çykyşlardyr dokladlar türkmen dilinde bolardy..".

Taryh ylymlarynyň doktory, akademik Bibi Pälwanowanyň Gaýgysyz Atabaýew baradaky uly göwrümli makalasyndan ýene bir bölek:

“Gaýgysyz Atabaýewiň işi örän köpgyraňlydy. Türkmenistan Kompartiýasynyň 6-njy gurultaýynda Atabaýew “Kolhoz gurluşygy hakynda” diýen doklad bilen çykyş etdi. 1933-nji ýylyň pagta ýygymynyň sapaklary, kolhoz gurluşygynyň artykmaçylaklary däneçiligi hem maldarçylygy ösdürmek meseleleri barasynda aýdan mahaly Atabaýew şol ýyllarda eýýäm ýaýrap başlan synpy göreşiň ýitileşmegi, kulaklaryň garşylyk görkezmeggi, zyýankeşlik, buržuaz milletçilik ýaly zatlara agram bermändi. Onuň bu garaýşy egindeşlerine-de geçipdi.

1934-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda TASS (häzirki ITAR-TASS) Türkmenistan hökümetiniň başlygy Atabaýewiň dünýäde ilkinji aerotrassalary Türkmenistanda gurmak barada Moskwada maslahat geçirendigini habar berdi. Maslahata aerotrassany döreden injener Waldber, SSSR hökümetiiniň awiasiýa býurosynyň başlygy Ansurow dagy gatnaşdylar. Aerotrassalary Kerki-Kerkiçi, Aşgabat-Pöwrize, Çärjew-Dänew aralarynda geçirmek barasynda aýdylýardy. Türkmenistan hökümeti kabul edilen karara laýyklykda öňi bilen Kerki-Kerkiçi trassany gurmaly diýen netijä gelipdi. Ol Amyderýanyň iki kenaryny birleşdirmelidi. Onuň proýekti bir ýylyň dowamynda düzülmelidi. Ýöne bu proýektler durmuşa geçip bilmedi.

1934-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Orta Aziýada milli döwlet bölünişigini geçirmegiň on ýyllyk ýubileýini bellemek barada karara gelindi. Türkmenistandan Atabaýew dokladçy bellendi.

Gaýgysyz Atabaýew Türkmenistanda ylmyň ösmegine uly üns berýärdi. Onuň teklibi bilen 1933-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň tebigy resurslaryny öwrenmek boýunça Leningradda SSSR Ylymlar akademiýasynyň ylmy konferensiýasyny geçirmegiň guramaçylyk komiteti döredildi.Onuň agzalarynyň içinde Atabaýewem bardy.Konferensiýa üstünlikli geçdi. Atabaýewiň tagallalary bilen Orsyetiň alymlaryny respublikanyň ylmy, medisina, medeni edaralarynda , ýokary okuw jaýlarynda işlemäge çagyrmak, türkmen ýaşlaryny Moskwa, Leningrada we beýleki ýerlere okuwa ibermek mümkin boldy.

1937-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň býurosynda gün energiýasyny hojalyk hajatlary, hammam, suwy süýjedijiler, çaý gaýnadyjylar, naharlanalar gurmak üçin ulanmak maksady bilen tejribeleri ýaýbaňlandyrmak meselesine garaldy. Türkmenistan hökümeti munuň üçin zerur bolan serişdeleri goýberdi. Ýöne planlar repressiýa ýyllarynda zyýankeşlikli diýlip bilindi hem üçünji bäşýyllygyň planyna goşulmady.

Gaýgysyz Atabaýew repressiýanyň başlanan ýyllary iň jogapkärli, kyn tabşyryklary ýerine ýetirýärdi. Ol öz döwrüniň ogludy hem döwlet işgäridi. Ýolbaşçy üçin tebigy akyl, guramaçylyk talanty, ýokary intellektual medeniýet, syýasatda hem durmuşda arassalyk gürrüňsiz möhüm. Bular ýolbaşçynyň abraýyny emele getirýän goşulyjylar. Atabaýewiň halkyň içinde şeýle ýokary göterilmeginiň faktlary öwrenilen hem derňelen mahalynda, ýolbaşçy üçin onuň töweregindäkileriň, egindeşleriniň hem ýoldaşlarynyň kimdigine aşa köp zatlaryň baglydygyna göz etirýärsiň”.

Oraz Şyhmyradow. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Türkmenistan Kompartýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary, ondan öň OGPU- nyň, NKWD-niň işgäri:

“30-njy ýyllarda Moskwada okaýan wagtym “Ýewropa” myhmanhanasyna meni komendant edip bellediler. 1936-njy ýylda Stalin Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen bagly nobatdan daşary gurultaý boldy. Şonda men Kawkazyň, Orta Aziýanyň we Gazagystanyň delegasiýalaryny kabul edip, olara seretmeli boldum. “Grand Otel” diýen myhmanhana-da nahar iýmäge giderdik. Şo taýda-da köne ýaşululardan Aga Ýusup, Mukky Lorsy, tekstil fabrigiň direktory Seýitgulyewa bardy, olaryň ýaraglaryny alyp galardym, ýygnaga gidenlerinde. Türkmen delegasiýasynyň içinde Marydan polkownik Izmaýlow, onuň ýanynda Aşgabat şäher ispolkomynyň başlygy Kasparow bardy. Olar meni nahara çagyrdy. Nahar stoluň bir tarapy boş durdy. Biz otyrdyk. Aňyrdan Gaýgysyz Atabaýew geldi hem oturdy. Men ýerimden tutup, elimi galdyryp, kimdigimi aýtmalydym. Emma sussum basyldy-da, aýdybilmän oturyberdim. Türkmençe gürrüň berip başlady: “Men düýn Molotowyň ýanyna bardym” diýip. Soň degişme gürrüňe geçdi. “Konstantin Sergeýewiç, sen ýene aýalsyz gelensiň” diýdi, menem: “Aý, Tula kim öz semawary bilen gelýär?” diýip, sorag bilen jogap berim, gülüşdik-diýip, Atabaýew gürrüň berdi.
Atabaýew meniň üçin äpet hem abraýly adamdy. Daşhowuzy, Kerkini, Çärjewi birikdirip, Türkmenistany ullakan döwlet eden adam Atabaýew diýilse, adamlar ony gaty sylardy.

Stoluň başynda Izmaýlow, Kasparow dagy orsça gürläp başladylar weli: “Türkmençe gürleseňizläň. Ýanyňyzda oturan düşmesin” diýip, meni göz öňünde tutup aýtdy. Menem formaly, ýaş wagtym. Başga milletiň wekilidir öýdüpdir. Menem sussum basylyp, özümi tanadyp bilmänim üçin, ondan soň oturmagyň gelşiksizdigini bilip, hoşlaşyp gitdim.

Ertesi “Grand Otele” ýeke özüm bardym, nahar iýmäge. Otyrdym weli aňyrdan maňa tanyş adam - Bäherdeniň raýispolkomynyň başlygy Batyr Ataýew geldi. Ol : “Ogul, sen nire, bu ýerler nire?” diýdi. “Men okaýan, Batyr aga” diýdim. “Ýanyňda oturmak bormy” diýdi. “Elbetde, Batyr aga, oturyň!.” Ol ýaňy oturypdy weli, aňyrdan Gaýgysyz Atabaýew gelýär. “Ogul, gurgunmaý? Düýn men bilmändirin seniň türkmenligiňi, warsaka urlandyr weli, bagyşlawer” diýdi. Soň men Atabaýewe näme bolanyny bilemok. Ol äpet bir göwredi, abraýdy, türkmen ogludy ol. Garaýagyz adamdy, Atabaýew gelýär diýseler, hemme zat ýerinde bolardy. Gowy görlerdi”.

Şahyr, köp ýyllaryň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bolup işlän Saparmyrat Owezberdiýew:

"Bir gezek Nebitdagdan Myratguly Şyhdurdyýew atly çykanym geldi. Ol segsen ýaşlaryndaky adamdy. Çaý başynda ol: “Men Baýram agalara getjek. Ol Bagyr köçesiniň Teke bazar tarapynda ýaşaýandyr, tanaýarmyň?” diýdi. Men: “Tanaýan, Baýram aga ak silkme telpekli, kostýumly gezelenç edýär, ýanymyzdaky meýdança gelýär kämahal” diýdim. Garaz biz Baýram agalara bardyk. Onuň gulagy agralypdyr, meniň çykanymdan ep-esli uludy. Soňra gep-gürrüňimiz alşyp gitdi. Baýram aga 1912-nji ýylda Bäherdeniň demirýol, ýagny ors mekdebinde özüni Gaýgysyz Atabaýewiň okadandygyny gürrüň berip başlady. Ol gürrüňiň arasynda şeýle bir gyzykly wakany ýatlady.

“…Bir gün Bäherdeniň bir baýy iki horjuny dolduryp, mekdebe geldi, gele-gelmäşe-de horjundaky sowgatlaryny çykarjak boldy. Gaýgysyz Atabaýew oňa” Dur hoo-w” diýip herreldi. “Sen zatlaryňy alyp, git şu taýdan, indi dagy-duwara şeýle işler edäýseň, şunuň ýaly işe baş goşaýsaň, ogluňy okuwdan kowduraryn” diýdi. Baý adam horjunlaryny göterip, çykyp gitmeli boldy. Soňra Gaýgysyz Atabaýew bize – okuwçylara şeýle wesýet etdi: “Oglanlar, hiç mahal para alyjy bolmaň, hiç haçan hakykaty gizlemäň, hiç haçan ýalan sözlemäň. Ine, şu üç wesýetimi alsaňyz, siz mydama hor bolmarsyňyz, arassa gezip, arassa ýaşarsyňyz”.

…Günleriň birinde Bäherdende raýispolkom açylypdyr. Onda işlär ýaly işgär tapmandyrlar. Onsoň Gaýgysyz Atabaýew Daşkentden Bäherdene telegramma beripdir: “Meniň okadan okuwçylarymy tapyň. Şolary işe alsaňyz, ýalňyşmarsyňyz” - diýip, Atabaýew telegrammasynda ýazypdyr. Şondan soň men Bäherden raýispolkomynyň sekretary boldum” - diýip, Baýram aga gürrüň berdi".

S. Öwezberdiýewiň ýene bir ýatlamasy:

“Bir gün Çärjewe komandirowka gitdim. Şahyr dostum Okdem Eminow meni myhmançylyga öýlerine alyp gitdi. Okdem Eminler uly howluda köpçülik bolup ýaşaýan ekenler. Olaryň bir gonşusy Mukymow diýen ýaşuly bolup, ol rewolýusiýa gatnaşypdyr. Şahyr dostum Mukymowyň özüne beren gürrüňini maňa aýdyp berdi:

“Men Gaýgysyz Atabaýew bilen şol ýyllar bile işleýärdim. Menem hökümet agzasydym. Atabaýew hökümet maslahatlaryny gijelerine geçirerdi. Ýygnaklar gije ikä, üçe çenli çekerdi. Bir gün, hemişeki bolşy ýaly, ýygnaga gatnaşýanlara çaý çekildi. Çaýyň gapdaly bilen her kime iki sany şokolad süýji berildi. Menem şol iki süýjini jübime galdym. Muny gören Gaýgysyz Atabaýew maňa bir hatjagaz ýollady. Onda : “Ýoldaş Mukymow, muny näme üçin beýle etdiň?” diýlipdir. Menem oňa jogap hatyny ýazmaly boldum. “Barýan öýe gijäň bir mahaly, iki sany çagajygym ýatman, maňa garaşyp oturýarlar, menem şolara şol iki süýjini sowgatlyk üçin jübime saldym” diýip ýazdym. Ýygnak gutardy, gijäň bir wagty öýe bardym. Stoluň üstünde içi doly iki kagyz guýguç ýatyr. Çagalar uklapdyr. Aýalymdan soradym: Bular näme? “Gaýgysyz Atabaýewiň sürüjisi getirip gitdi”. Ony aýalym açymandyr, bile açyp görsek, iki guýgujam hälki çaýyň ýany bilen berlen şokalad süýjüsinden doldurylan eken”.

Mukymowyň şu gürrüňini näçe ýyl bäri ýüregimde göterip gelýärin. Şonuň köpçülige etjegine men gaty şat”.
XS
SM
MD
LG