Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatyň saglygy ykdysadyýete täsir edýär


Hajyýew: "Keselleriň dogruçyl statistikasyny gizlemek bilen, türkmen häkimiýetleri hassalary halkara gurmalaryň degerli ýardamyndan mahrum edýär".
Hajyýew: "Keselleriň dogruçyl statistikasyny gizlemek bilen, türkmen häkimiýetleri hassalary halkara gurmalaryň degerli ýardamyndan mahrum edýär".

Ilatyň sagdyn bolmagynyň ykdysady ösüşe gönüden-göni tasir edýandigi “Gigiýena we tropiki medisina” atly Londondaky okuw merkeziniň, Bütindünýa Saglyk Guramasynyň hem-de Paduan uniwestitetiniň alymlarynyň ýazan kitaplarynda aýdyn görkezilýär.

Bu kitapda alymlar Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça geçiren analizleriniň esasynda ilatyň saglygynyň ýaramazlygynyň zähmet öndürijiligine erbet täsir ýetirýandigini subut edýärler. Netijede bolsa raýatlaryň girdejisi azalyp, bu regionlarda ykdysady ösüşiň haýallamagyna getirer diýip, alymlar çaklaýarlar.

Mysal üçin, hatda ykdysady taýdan ösen ABŞ-da hem artrit keseline ýolugan erkek kişileriň aýlyk haklarynyň takminan 30%-e, aýallaryň bolsa 40%-e çenli peselýändigi mälim bolupdyr.

Alymlar 1960-njy ýyllarda adam ömrüniň uzaklygy iň ýokary bolan ýurtlaryň soňky 40 ýylyň dowamynda ykdysadyýetiniň ösendigini belläpdirler. Iň täsin zat bolsa, käbir halatlarda ilatyň ömrüniň uzaklygy hakyndaky görkezijiler ilatyň bilim derejesini anyklaýan görkezijiden has aýdyn ykdysady ösüşi öňünden çaklamaga esas berýär diýip, barlag geçiren alymlar belleýärler.

Dünýäniň köp ýurtlarynda ortaça hasapdan adamlaryň ömrüniň uzaklygy artýan mahaly Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda bu görkezijiniň peselýändigi bellenilipdir. Mysal üçin, Belarusda 1960-njy ýyllarda erkek kişiler ortaça alanyňda 64 ýaşan bolsalar, 2004-nji ýylda bu görkeziji bir ýarym ýyl kemelipdir. Orsýetde bu görkeziji has pes bolup, Orsýetde erkek kişileriň ömrüniň uzaklygy 59 ýaş bolupdyr. Türkmenistanda bolsa, BSG-nyň berýän maglumatyna görä, 2004-nji ýylda erkek kişileriň ömrüniň uzaklygy, ortaça 56 ýaş eken.

Zähmet ukyplylygy – ykdysady ösüş

Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň Aziya hem Afrika ýurtlary boýunça ykdysady kafedrasynyň yolbaşçysy, professor Leonid Fridman hem aýdylanlar bilen ylalaşýandygyny tassyklady.

“Ortaça alnanda, adamlaryň ömrüniň uzaklylygy ýurduň ykdysady ösüşine gaty köp täsir edýär. Sebäbi adamlar okuwyny gutaryp işläp başlaýarlar. Olaryň işle ukyply döwri näçe uzak bolsa, şonça-da ykdysadyýetiň ösüşi üçin gowy. Ýagny adama bilim, tälim bermek üçin hökümet çykdajy edýär. Adam näçe uzak işläp bilse, şonça-da köp döwletiň özüne siňdiren serişdelerini yzyna gaýtarýar. Ýagny jemgyýete zerur bolan harydy hem hyzmaty öndürýär. Gazanan puluny harç edip, ykdysadyýeti ösdürýär. Adam wagtyndan öň dünýäden ötse, bu onuň zähmet potensialynyň doly ulanylmandygyny aňladýar.” diýip, ykdysatçy belledi.

Şeýle hem ykdysatçy Türkmenistan bilen bagly ygtybarly maglumatlaryň henize çenli berilmän gelýändigini belläp, bu ýurduň ykdysadyýetini düýpli analiz etmäge mümkinçilik bermeýändigini belledi. Ýagny ygtybarly maglumat berilmese, türkmen raýatlarynyň işe ukyply döwrüniň uzaklygyny, olaryň saglyk ýagdaýyny, edýän işiniň hilini anyklap bolmaýar. Bu zatlar bolsa örän möhüm diýip, ykdysatçy belledi.

Ilatyň sagdyn bolmagynyň ykdysady ösüşe gönüden-göni täsir edýändigi barada geçirilen ylmy-barlag işleri, hroniki, ýagny köne keselleriň Gürjüstanda adamyň işe ukyply döwrüni 7%-e, Gazagystanda bolsa 30%-e çenli kemeldýändigini anyklapdyrlar. Şeýle-de alymlaryň iň seresaply baha bermeklerine görä, her 25 ýylyň dowamynda ilatyň ölüm derejesi 2% pese düşse, bu girdejiniň möçberini 25-40% ýokarlandyrýar.

“Keseli ýaşyrmak gymmada düşýär”

“Türkmenistan ýaly ýokanç infeksion keselleriň bardygy ýaşyrylýan ýurtlarda bolsa, soňra bu keselleri bejermek üçin has köp çykdajy çykýar, sebäbi olar epidemiýa derejesine ýetýär. Onuň üstesine-de ilat arasynda ölüm-ýitimiň artmagy hem ykdysady ösüşe ýaramaz täsir edýär” diýip, ykdysatçy Annadurdy Hajyýew aýdýar. Onuň pikiriçe, ýurduň saglygy saklaýyş pudagynyň gowşak bolmagy ilatyň ýarawsyz bolmagyna getirip, ykdysady ösüşiň haýallamagyna sebäp bolýar.

“Galyberse-de, ösen ýurtlaryň saglygy saklaýyş pudaklarynda esasy güýç keselleri bejermekden-de ozal olaryň öňüni almaga gönükdirilýär” diýip, ykdysatçy belleýär. Mysal üçin, başlangyç döwürde anyklanan keseli bejermek onuň beterleşen görnüşini bejerenden has arzan düşýär.

Mundan başga-da AIDS, WIÇ infeksiýasy ýaly keselleri bejermek üçin halkara guramalaryň ýardam berýändigini belläp, ykdysatçy şeýle keselleriň dogruçyl statistikasyny gizlemek bilen, türkmen häkimiýetleriniň hassalary halkara gurmalaryň degerli ýardamyndan mahrum edýändigini tankytlady.
XS
SM
MD
LG