Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa özüniň ÝB-e agzalygyna Gresiýany garşy çykmazlyga çagyrdy


Makedoniýanyň premýer ministri Nikola Gruweski bu ýurduň Ýewropa Bileleşigine agzalygyna Gresiýany böwet bolmazlyga çagyrdy.

Mälim bolşuna görä, bu iki ýurduň arasynda Makedoniýanyň ady boýunça ylalaşmazlyklar dowam edýär.

Gruwesky bu barada eden çykyşynda, eger biziň günortamyzda ýerleşýän goňşymyz Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin edýän tagallamyza garşy çyksa, onuň bu at baradaky ylalaşmazlygy çözmek islemeýänligini aňladar diýdi.

Mälim bolşuna görä, Gresiýa Makadoniýa adynyň bu ýurduň taryhy baýlygynyň bir bölegidigini aýdyp, Makedoniýanyň bu at bilen halkara derejede ykrar edilmegine garşy çykýar.

Greesiýanyň bir welaýatynyň ady hem Makedoniýadyr. Gresiýa şu mesele boýunça Makadoniýanyň NATO guramasyna agza bolmagyna-da garşy çykypdy.

Gresiýa şu ylalaşmazlyklar çözülýänçä, Makedoniýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygyna-da böwet boljakdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG