Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goňşymdan ýüz öwürdim


Dutary çagalykdan öwrenipdim. Kärim suwagçylyk bolsa-da, käteler toýda-oturylyşyklarda saz çalaýmam bar. Şeýle bolansoň, tanyş-bilişler öz toýlarynda ýa-da üýşmeklerinde saz çalyp bermegimi haýyş edip, meni meýlislerine çagyrýarlar.

Tomus bilen güýzüň ornuny çalyşýan günleriniň biridi. Içeri işler ministrliginiň jogapkärräk wezipeleriniň birinde işleýän goňşym öýüň girelgesinde meniň bilen pete-pet geldi. Salamlaşdyk. Salamdan soň ol menden: «Saňa gowy saz çalýar» diýýärler. Bize-de çalyp ber-dä sazyňy» diýdi. Beýle ullakan wezipede işläp ýören goňşynyň sözüni ýere çalyp boljakmy. «Janyň sag bolsun. Haçan diýseň çalyp bererin sazy» diýdim.

Şeýlelikde ol bir gün, dynç güni jaň edip, gapa çykmagy buýurdy. Meni içi salkynjak maşynyna mündürip, paýtagty etekläp oturan baýyrlara tarap alyp ugrady. Täzeje daşary ýurt maşyny. Barjak ýerimize gaty çalt ýetdik. Akar çeşmäniň boýundaky baglaryň aşagyna düşekler ýazylyp, çişlikler oda goýlupdyr.

Erkek kişileriň biri çişlik bişirýärdi, iki sanysy bolsa çeşmäniň gyrasyna ýazylan el halynyň üstünde ýanbaşlap ýatyrdy.On bäş-on alty ýaşyndaky iki sany gyzjagaz ýanbaşlap ýatanlaryň aýaklaryny owkalap berýärdi. Men hiç wagt ahlaksyzlygy synlap görmämsoň, aýak owkalaýan gyzjagazlar çäşerip ýatanlaryň öz gyzlarydyr öýdüp, pikir etdim. Kakalary bilen gezelenje gelendirler öýtdüm.

—Ine, size sazanda getirdim—diýip, meniň goňşym maşyndan ýere düşenden keýp çekip oturanlara gygyrdy. —Siz näme, maňa hiç zat goýmadyňyzmy?

Çäşerip ýatanlaryň biri loh-loh güldi:
—Hana,hol neme, zat dälmi? Jennetdäki hüýr-periler şondan artyk diýip gör.

Men çäşerip ýatanyň nazar aýlan tarapyna seretdim. On bäş-on alty ýaşlyja gyzjagazlaryň biri çeşmäniň başynda suw oýnap otyrdy.

Goňşym düşege geçip ýanbaşlansoň, gyzjagaz goňşymyň ýanyna gelip oturdy. «Aýagyňyzy owkalaýynmy?» diýip, näzijek sesi bilen sorady.

Goňşym hikirdäp güldi.
—Bujagazlardan saňa-da birini tapalymy, sazanda?—diýip, goňşym hikirdäp oturyşyna maňa ýüzlendi.

Men bu zatlara asmandan düşen ýaly, aňka-taňka bolup otyrdym. «Bular kim?» diýip, men görýän zatlaryma aňkaryp durşyma aljyrap soradym.

Keýp çekýänleriň bary gülşüp başladylar.

—Aý, sada halk-da, gurluşykçy bende nirede görsün bu zatlary—diýip, goňşym gülüp ýatyşyna düşündirdi.—Aý, bolýa, sen sazyňy çalyber bu zatlar bilen özümiz meşgul bolarys.

Men birki sany saz çaldym. Goňşym bolsa öz şepeleri bilen çişlik iýdi, arak içdi, serden geçdi. Ol başyny mazaly dumanladyp, özüni bilmez derejä ýetdi.

Ýanyndakylaram şeýle boldy. Olar öz agtyklary ýaly gyzjagazlar bilen wejera bolýardylar.

Men bu bolýan zatlary uzak synlamaga çydam etmän, dutarymy alyp, gaýtmak üçin ýerimden turdum.

—Sen bulara üns berme-de çişlik iý—diýip, çişlikçi maňa ýüzlendi.—Sen bularyň edýän haramlyklarynyň diňe birini synlaýaň. Başga näçe ýerde näçe haramlyklar edilýär. Hemmesini göwnüňe aljak bolsň çalt garrarsyň.

Men çişlikçinem diňlemän, ýola düşdüm. Goňşym içgi sebäpli zordan aýlanýan dili bilen meniň yzymdan gygyrdy:
—Eý, gurluşykçy, gaýt yzyňa.

Men yza dolanmadym. Bu haramlyklaryň garşysyna göreşmeli polisiýa işgärleri şeýle bolsa, ýaş-ýeleňleriň jelepçiligini gatam görmeli däl.

Goňşym ýene bazzyk-buzzuk edip, meniň yzymdan gygyrdy:
—Eý, sazanda, ýekeje ýerde bu zatlar hakda dil ýaraýsaň, suwagçylygyňam tapmaz ýaly ederin, düşdüňmi?

Ol waka hakda dil ýarmak-ýarmazlyk meniň öz işim. Ýöne indi goňşymy görenimde welin, dilimi ýuwdana dönýärin. Ne salam bar, ne hälik. Şony görenimde kölegämi gören ýaly. Şeýle adamlaryň goňşulygy maňa nämä gerek.
XS
SM
MD
LG