Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa geňeşi: «Demirgazyk Kawkazda durnuklylyk gazanylmady»


Ýewropa geňeşiniň adam hukuklary komissary rus häkimiýetleri Kawkaz sebitinde korrupsiýa garşy göreşmek we esasy adam hukuklaryny goramak üçin has köp iş etmeli diýdi.

Tomas Hammarberg 24-nji noýabrda çap edilen hasabatda «Demirgazyk Kawkaz sebitinde durnuklylyk gazanylmady» diýýär.

Hammarberg golaýda fakt tapmak missiýasy bilen Çeçenistanda we Inguşystanda boldy. Onuň hasabatynda bikanun ýaragly toparlaryň işjeňliginiň artandygy, adam öldürmeleriniň we ýitrim edilmeleriniň netijeli derňelmeýändigi, adam hukuklaryny goraýjylaryň öldürilmeginiň bolsa aýratyn alada döredýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG