Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lissabon Şertnamasy nämäni aňladyp biler?


 Şwesiýanyň premýer ministri Fredrik Reinfeldt ýüzündeBelgiýanyn premýer ministri Rompuýyň, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Barrosanyň (ortada) we britaniýaly Aştonuň suraty bolan rubik kubigi elinde saklaýar, 19-njy noýabr, 2009-njy ýyl.
Şwesiýanyň premýer ministri Fredrik Reinfeldt ýüzündeBelgiýanyn premýer ministri Rompuýyň, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Barrosanyň (ortada) we britaniýaly Aştonuň suraty bolan rubik kubigi elinde saklaýar, 19-njy noýabr, 2009-njy ýyl.

Ýewropa Bileleşiginde 1-nji dekabrdan başlap täze Lissabon Şertnamasy güýje girýär. Bu waka Ýewropa Bileleşiginiň içerki we daşarky syýasaty üçin nämäni aňladyp biler?

Şu ýylyň 1-nji dekabrynda Ýewropa Bileleşeginiň Lissabon Şertnamasynyň güýje girýändigine hem-de ondaky ýokary wezipelere eýýäm anyk adamlaryň bellenenligine görä, Bileleşik teoretiki taýdan geljekki ýyllaryň aladasyny edip başlabermeli diýseň hem boljak. Ýöne iş ýüzünde welin ýagdaý birneme çylşyrymly görünýär. Bileleşikdäki wezipelerden käbirleri, hususan-da, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman wan Rompuýyň hem-de Daşary işler ministri Katerin Aştonyň wezipeleri täze döredilen wezipeler.

Olaryň öz wezipelerine girişmekleri bilen käbir diskussiýalar hem ýüze çykjaga meňzeýär. Mundan daşgary, ýakyn wagtlarda Ýewropa Parlamenti Ýewropa Komissiýasynyň täze düzümini hem ses berip, tassyklamaly. Bu hem öz gezeginde garaşylmadyk wakalary döredip biler diýlip çaklanylýar.

Skeptiki garaýyşlar

Ýewropa syýasatynda kän bir tanalmaýan Belgiýanyň premýer-ministri Herman wan Rompuýyň hem-de britaniýaly syýasatçy Katerin Aştonyň Bileleşikdäki ýokary wezipelere bellenmeklerine käbir synçylar Ýewropa Bileleşiginiň syýasy integrasiýa tarap ýolunda şeýle bir şowly bolmadyk ädim hökmünde baha berdiler. Olaryň pikiriçe, bu waka Ýewropa Bileleşiginiň ýakyn geljekdäki daşary syýasatyna-da öz täsirlerini ýetirer.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jose Manuel Barrosonyň Bileleşigiň giňeldilmegi we goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk boýunça komissary wezipesine Çehiýa respublikasynyň ozalky kabinet ministri Stefan Füläniň kandidaturasyny saýlap almagy hem Ýewropanyň käbir diplomatlary tarapyndan skeptiki garaýyş bilen kabul edildi.

Ýewropa Parlamentindäki sagçy deputatlar Stefan Füläniň geçen asyryň 80-nji ýyllarynda şol wagtky KGB bilen ýakyn hyzmatdaşlykdaky Sowet diplomatik akademiýasynda işländigini göz öňünde tutmak bilen onuň kandidaturasyna garşy ses berjekdiklerini mälim etdiler.

Aştonuň hem ýagdaýy gowy görünmeýär

Ýewropa Parlamentiniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrmaga çalyşýan häzirki döwründe Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň şowsuzlyklaryna onuň barmak çommaltmagy adaty bolaýmaly zat hökmünde kabul edilýär. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministri hem-de Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti wezipesine bellenen Katerin Aşton geljekde Stefan Füläniň işine ýolbaşçylyk etmeli wezipede. Ýöne Ýewropa Parlamentiniň goldawyny gazanmak meselesinde onuň hem ýagdaýy Stefan Füläniň ýagdaýyndan gowy görünmeýär.

Katerin Aşton 1980-nji ýyllaryň başlarynda Britaniýanyň ýadro ýaraglaryny azaltmak meselesi boýunça iş alyp baranda, ol şol wagtky Sowet Soýuzyndan para alanlykda tankytlanylypdy. Ýewropa Bileleşiginiň käbir diplomatlary Bileleşigiň daşary syýasatynda çözüji rollary oýnamaly adamlaryň hiç bir jähtden Bileleşigiň abraýyny pese gaçyrjak adamlar bolmaly däldigini nygtaýarlar.

Bu ýagdaýlardan hem daşgary Ýewropa Bileleşiginiň Lissabon Şertnamasynda Bileleşigiň ýokary wezipeleriniň ygtyýarlyklary birneme yrga görnüşlerde kesgitlenen. Bu ýagdaý bolsa öz gezeginde Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman wan Rompuýyň, Daşary işler ministri Katerin Aştonyn, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jose Manuel Barrosonyň we hatda Bileleşigiň giňeldilmek we goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk boýunça komissary Stefan Füläniň arasynda ygtyýarlyklar hem-de täsir ugrunda göreşleriň ýüze çykmagyna getirip biler diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG