Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owgan strategiýasyna oňyn baha berilýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama.

Owganystana goşmaça goşun ýene iki-üç hepdeden ugradylyp başlanar-diýip, Pentagonyň baştutany Robert Geýts aýtdy.

Waşingtonda ABŞ-nyň Kongresiniň agzalarynyň öňünde çykyş edip, Geýts harby gullukçylaryň, esasan, Owganystanyň günorta we gündogar etraplarynda ýerleşdiriljekdigini habar berdi we Owganystandan amerikan goşunlaryny çykarmagyň wagty soňurrak kesgitlener diýdi.

Ondan bir gün öň Barak Obama ABŞ-nyň Owganystandaky täze strategiýasyny yglan edende, 2011-nji ýylyň ortasyndan goşun çykarylyp başlanmagynyň mümkindigini aýdypdy. Oňa garamazdan, Robert Geýtsiň sözlerine görä, Owganystandaky ýagdaýa baha berlenden soň, bärsinden ýene bir ýyldan karar kabul ediler.

Hepdäniň sişenbe güni agşam ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystana goşmaça 30 müň amerikan harbysynyň ugradyljakdygyny yglan etdi.

Bu ýurtda amerikan harbylarynyň umumy sany ýüz müň adama ýeter.

Karara oňyn baha berilýär

Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň liderleri prezident Barak Obama tarapyndan yglan edilen ABŞ-nyň Owganystandaky täze strategiýasyna oňyn baha berýärler.

BMG –nyň baş sekretary Ban Ki Mun karar bilen Barak Obamany gutlady.

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braun NATO boýunça ýaranlaryny Waşington tarapyndan edilen teklip esasynda tagallalary güçlendirmäge çagyrdy.

Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri Nikola Sarkozi bilen Angela Merkel ABŞ-nyň beýannamasyna oňyn baha berdiler, ýöne ýanwar aýynda Londonda owgan problemasy boýunça geçiriljek konferensiýadan soň Owganystandaky öz harby kontingentleri bilen bagly karar kabul etjekdiklerini aýtdylar.

Orsyetiň Daşary işler ministrligi Waşingtonyň teklip eden strategiýasyna “umuman gowy” diýip, baha berdi.

Owganystanda amerikan harbylarynyň sanynyň artmagynyň ýaramaz netijelere getirmegine ýol bermezlige Yslamabad ABŞ-ny çagyrdy. Päkistanyň Daşary işler ministrligi ýurda täze ekstremistik toparlaryň girmek mümkinçligi bilen bagly alada bildirdi.

Talyplar bilen göreşmek üçin NATO-nyň hem goşmaça 5 müň harby gullukçy ugratjakdygyny NATO-nyň baş sekretary Andres Fog Rasmussen aýtdy.
XS
SM
MD
LG