Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryna bagyşlanylan seminar tamamlandy


Düýn Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde-de Günbatar Balkan we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda aýal-gyzlaryň hukuklaryna bagyşlanylan bir hepdelik seminar öz işini tamamlady.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan gurnalan bu seminara Türkmenistanyň wekilleri bilen birlikde Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, şeýle-de Balkan döwletleri bolan Bosniýa-Gersogowinanyň, Makedoniýanyň we Çernogoriýanyň hem parlament wekilleri gatnaşdylar.

Seminarda bu ýurtlaryň wekilleri aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaklaryna ýardam bermek we bu ugurda kanunçylyk aktlaryny işläp düzmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Seminaryň barşynda oňa gatnaşyjylar bu gürrüňi edilýän mesele boýunça ÝHHG guramasyna agza ýurtlardaky bar bolan gowy tejribiler bilen hem ýakyndan tanyşdylar – diýip, «TurkmenistanRu» internet gazýeti habar berýär.
XS
SM
MD
LG