Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eşenbaher: “Agzalar şertlere sarpa goýmaly”


10-njy dekabrda Halkara adam hukuklary güni bellenildi. Şol gün mynasybetli BMG tarapyndan ýaýradylan beýanatda bu senäniň ähmiýeti barada gürrüň edilýär.

1948-nji ýylda BMG-niň Baş assambleýasy tarapyndan kabul edilen şol jarnamada ähli adamlaryň azat hereket etmäge, jay edinmäge hem öz ýurtlaryndan çykmaga hem oňa dolanyp barmaga hukuklarynyň bardygy aýdylýar.

Türkmenistan BMG bilen bir hatarda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hem agzasydyr. 56 agzadan ybarat bu guramanyň hem adam hukuklary barada birgiden gymmatlyklary bar. Emma şeýle guramalara agza bolmagyna garamazdan, her haçan adam hukuklary barada gürrüň edilende, Türkmenistan iň repressiw ýurtlaryň hataryna girýär.

Bu aktual mesele barada ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça wekili Ýens-Hagen Eşenbaher bilen Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Ehenbaher, interwýua başlamazdan ozal siz öz guramaňyzyň alyp barýan işleri hem onuň göz öňünde tutýan wezipeleri we maksatlary barada gürrüň beräýseňiz?

Ýens-Hagen Eşenbaher:
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň maksady ÝHHG guramasyna agza ýurtlara adam hukuklary, demokratiýa we kanunyň üstinligi ýaly meseleler boýunça öz boýun alan borçlaryny berjaý etmäge ýardam etmekden ybaratdyr.

1975-nji ýylda kabul edilen Helsinki pakty we soňra Kopengagende 1990-njy ýylda tassyklanylan kararlaryň çäginde ÝHHG-ä agza 56 ýurt adam hukuklary boýunça dürli jogapkärçilikleri öz üstlerine aldyrlar.

Bu dokumentler ÝHHG-ä agza ýurtlary kanunyň agalygyna, adam hukuklary we demokratiýa barada kabul edilen belli prinsiplere we gymmatlyklara sarpa goýmaga çagyrýar we borçly edýär.

Azatlyk Radiosy: Gürrüňi edilýän bu gymmatlyklar barada has jikme-jik maglumat berip biljekmi?

Ýens-Hagen Eşenbaher: Bu prinsipler ilata söz we hereket etmek azatlygyny, gurama döretmek we jemlenişmek hukugyny berýär. Şeýle-de adam hukuklary bilen bagly beýleki ugurlardaky hukuklary berýär, şol sanda adam gynamalaryň gadagan edilmegini talap edýär.

Şol dokumentler saýlawlar bilen bagly maddalary-da öz içine alýar. Meselem, Kopengagende kabul edilen kararda saýlawlarda halkyň garaýyşlary ýüze çykar ýaly onuň nähili geçirilmelidigi we döwletleriň ony nähili gurnamalydygy barada möhüm maddalar bar.

Şeýle-de döwlet edaralarynyň we institutlarynyň demokratik esaslarda hereket etmelidigi hakdaky maddalar bilen bir hatarda şol ylalaşyk ençeme beýleki ugurlary hem öz içine alýar.

Azatlyk Radiosy: Bu gurama agza döwletlerde, şol sanda Türkmenistan ýaly ýurtlarda höküm sürýän ýagdaýlara seredilende olaryň bu gymmatlyklara gabat gelmeýänligini aýtmak mümkin. Bu birhili gapma-garşylyk ýagdaý döredenokmy?

Ýens-Hagen Eşenbaher:
Bu dokumentler gurama agza ähli ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan tassyklandy. Şunlukda bu ylalaşyklar we şol dokumentlerde gürrüňi edilýän borçlar ähli ýurtlary öz içine alýar we bu şertlere bu gurama agza ähli ýurtlar sarpa goýmalydyrlar.

Kabul edilen şol kararlar ýakynda Gresiýanyň paýtagty Afinyda gurama agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda ýene bir gezek tassyklanyldy. Şol ýerde kabul edilen kararda, şol guramanyň gymmatlyklarynyň ÝHHG-ä agza ähli ýurtlar tarapyndan berjaý edilmelidigi ýene bir gezek gün tertibinde goýuldy.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistan ýaly ÝHHG-ä agza ýurtlardan haýsydyr biri öz borçlaryny talap edilşi ýaly berjaý etmese, şeýle ýurtlara siziň guramaňyz nähili çemeleşýär?

Ýens-Hagen Eşenbaher:
Öň hem belläp geçişim ýaly ÝHHG-niň maksady bu gurama agza ýurtlara öz borçlaryny berjaý etmäge ýardam etmekdir. ÝHHG-niň çäginde öz agzalarymyz bilen hyzmatdaşlyk boýunça konstruktiw aragatnaşygy ýola goýmak barada düzgünlerimiz bar we bu ugurda alada edýäris.

ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça instituty öz agzalaryna bu barada ýardamyny we maslahatyny teklip edýär. Bu teklipleri kabul edip-etmezlik olaryň özlerine bagly.

Azatlyk Radiosy: Eger olar siziň bu teklipleriňizi kabul etmek islemeseler, şeýle ýagdaýda siz nähili syýasat alyp barýarsyňyz?

Ýens-Hagen Eşenbaher: Biziň tekliplerimizi kabul edip-etmezlik bu gurama agza ýurtlaryň erk-islegine bagly. ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň bu ugurdaky öz talaplaryny kabul etdirmäge kanuny güýji ýok. Bu hili teklipleri kabul edip-etmezlik tutuşlygyna gurama agza ýurtlaryň erk-islegine bagly bolan meseledir.

Olar haçanda bizden ýardam sorasalar, biz olaryň edýän haýyşlaryny berjaý etmäge taýýar.

Azatlyk Radiosy: 2009-njy ýylyň dowamynda siz Türkmenistana haýsy ugurlardan nähili ýardam etdiňiz?

Ýens-Hagen Eşenbaher: ÝHHG-niň çäginde Türkmenistanda iş alyp barýan edara biziň Aşgabatdaky wekilhanamyzdyr. Biz ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça instituty hökmünde 2009-njy ýylda kanuny hasam döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanda dürli çäreleriň geçirilmegine ýardam etdik.

Meselem, 2009-njy ýylyň dowamynda kanun çykarmaklygyň dürli ugurlary boýunça iki iş seminaryny gurnadyk. Şunda esasanam kanun düzmek işleriniň nähili aç-açanlykda amala aşyrylyp bilinjekdigi we bu ugurda halkyň pikiriniň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Biz bu aladalary etmek bilen ýurtda kanuny hasam kämilleşdirmek işine uly goşant goşandyrys diýip, pikir edýäris.

Azatlyk Radiosy: Iş seminarlaryňyz nähili gurnalýar? Meselem, ony siz türkmen ýolbaşçylaryna teklip edýärsiňizmi, ýogsa-da olar şeýle teklip bilen size ýüz tutýarlarmy?

Ýens-Hagen Ehenbaher:
Bu hili çäreler gurama agza ýurtlaryň wekilleri bilen maslahatlaşylyp amala aşyrylýar. Galyberse-de, bu aladalar hökümet ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnalýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda täze hökümet häkimiýet başyna geçenden soň, ýurtda käbir ösüşleriň bolanlygyny aýdýanlar bar, Türkmenistandaky ýagdaýlara siz nähili baha berýärsiňiz?

Ýens-Hagen Eşenbaher: Bu barada bir zat aýtmak biziň üçin gaty kyn, sebäbi biz adam hukuklary bilen bagly bolan wakalara yzygiderli gözegçilik edemzok. Saýlawlara gözegçilik etmek barada gürrüň edilende, biziň, elbetde, bu ugurda ýola goýlan düzgünimiz bar. Biz öň bu ugurdan Türkmenistana-da ýardam etdik.

Biz bu baradaky aladalarymyzy mundan beýlägem dowam etdireris. Biz geljekde Türkmenistanyň öz saýlawlar boýunça kanunlaryny we düzgünlerini ÝHHG-niň standartlaryna gabat getirmäge we bu ugurda öz boýun alan borçlaryny doly ýerine ýetirmäge çalyşar diýip, umyt edýäris.
XS
SM
MD
LG