Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Hatoýama bilen gepleşik geçirdi


Düýn Ýaponiýa sapar edýän Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz saparynyň barşynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýukio Hatoýama bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ykdysady-söwda we medeni-gumanitar sferalardaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Şeýle hem, türkmen prezidenti bu gepleşiklerde 2010-2011-nji ýyllarda Türkmenistanda Ýaponiýanyň medeni günlerini, Ýaponiýada hem Türkmenistanyň medeni günlerini geçirmekligi teklip etdi.

Öz gezeginde Ýaponiýanyň premýer-ministri bolsa Türkmenistanyň Parlament delegasiýasyny Ýaponiýa sapar etmeklige çagyrdy. Düýn şu gepleşikleriň netijesinde-de türkmen-ýapon hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlaryna degişli möhüm dokumentlere gol çekildi.
XS
SM
MD
LG