Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors mediasy utulyşyň sebäpleri barada ýazýar


Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň baş binasy.
Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň baş binasy.

Öňi bilen aýtmaly zat, Türkmenistan-Hytaý gaz turbasynyň açylmagy Orsýetiň Türkmenistanda diňe bir ýyllar boýy dowam edýän energiýa monopoliýasynyň tamamlanmagyna getirmedi.

Bu proýektiň durmuşa geçmegi bilen Türkmenistanyň arkasyndan goňşy Gazagystan we Özbegistan hem täze syýasy-ykdysady öwrümleri etmek mümkinçiligine eýe boldular. Hut şonuň üçin-de bu üç döwletiň arasynda gaz monopoliýasyna garşy Merkezi Aziýa bileleşiginiň dörändigini aýtmak mümkin.
Orsýetiň mediasynda eýýäm utulyşyň sebäpleri barada gürrüň edilýär. Kreml bu ýagdaýyň “Gazpromyň” Türkmenistan meselesinde gereginden artyk berk pozisiýasy sebäpli bolandygyny indi öwrenýär.

Halkara mediasy Orsýetiň Türkmenistana şeýle garaýşyny Orsýetiň gopbamsylygy we ulumsylygy bilen düşündirýär. Hut şonuň üçin-de Orsýet regionda güýçli bäsdeşi Hytaýy gazandy. Pekin bolsa özüniň dünýädäki bäsdeşleriniň birinden strategiki taýdan ähmiýetli regiony “gaňryp almakda” yzly-yzyna ädim ädýar.

Muňa kimiň günäkärdigi gözlenilýän wagty “Gazpromyň” “tora düşmeginiň” mümkindigini aradan aýryp bolmaz. Adatça, şeýle ýagdaýlarda bu energiýa monstrynda kadrlar çalşygy bolýar. Iň bärkisi “Gazprom” özüniň berk pragmatiki pozisiýasyna seretmeli we eglişikli karara gelmeli bolar. Eger şeýle edilse, bular türkmen tarapy üçin peýdaly bolardy. Eýse, Medwedew hut şeýle kompromiss bilen türkmen-ors mekdebiniň açylyşyna gatnaşmaga barýarmy?

Elbetde, türkmen gazynyň Orsýete haçan akyp başlajakdygy häzire çenli intriga bolmagynda galýar. Türkmen gazynyň akýan turbasynda aprel aýynda partlama bolandan soňra, ol kesildi. Aşgabat bu wakada Orsýeti aýyplady. Çünki, Kreml öňünden duýdurmazdan, türkmen gazynyň möçberini kemeltdi.

Kelebiň ujy ýitdimi?

Halkara synçylaryň berýän bahasyna görä, Hytaý ýaly partnyýora eýe bolmak bilen Orsýet bilen gepleşiklerinde türkmen tarapy has ähmiýetli pozisiýa eýe bolýar. Hut şunuňam Kremliň täze ylalaşygy gözlemegi üçin bir sebäp bolmagy mümkin.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şansy sypdyrjagy we mydama çylşyrymly partnýor bolup galýan Orsýet bilen gatnaşykdaky manýowrlarda täze ryçagy ulanmajakdygy gümana.Üstesine-de, Türkmenistan täze strategiki ýollary gözlemegini dowam etdirmek bilen Gündogara tarap güýçli gadamlar edýär.

Şu nukdaýnazardan prezident Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary hem Orsýet üçin ýakymly däl. Merkezi Aziýada Hytaýdan başga-da, ýene-de bir güýşli bäsdeşe – Ýaponiýa eýe bolmak Moskwa üçin “Durnanyň üstüne – urna” bolar.

Bular ýaly goşa galkan Türkmenistany Moskwa üçin düýbünden elýetmez edýär. Eýse, nähili ýol bilen Kreml Merkezi Aziýadaky täsirlerini täzeden dikelderkä? Aslynda şeýle mümkinçilik Orsýetde barmy beri? Ýa-da ýagdaýlar Moskwa üçin düýpden özgerdimi we ol özüniň öňki täsirleriniň iň bolmanda iň gowşaklaryny dikeltmegiň aladasyny edýärmi?

Görnüşi ýaly, resmi taýdan Orsýet Merkezi Aziýadaky täze ösüşleri we regionda güýçleriň bölünişigini asla duýmaýan ýaly. Eýse, bu Merkezi Aziýanyň gitjek ýeriniň ýokdugyna we onuň “jylawyndan çekmäge” entek mümkinçilikleriniň bardygyna Orsýetiň ynanýandygynyň alamatymy? Ýa bolmasa-da, bu Kremliň "kelebiniň ujuny ýitirendigini” we öz ýitgileriniň öwezini dolmak üçin haýsydyr bir çykalgasynyň ýokdugyny aňladýarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG