Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzstanly žurnalist özüne garşy hüjüm netijesinde aradan çykdy


Gyrgyzstanly žurnalist Gennadiý Pawlýuk özüne garşy Gazagystanda edilen hüjümden bir hepde töweregi wagt geçip, sişenbe güni aradan çykdy.

Gazagystanyň polisiýasy žurnalist Gennadiý Pawlýugyň 16-njy dekabrda Almaty şäherine sapary wagtynda näbelli adamlar tarapyndan eli-aýagy daňlyp, beýik bir jaýyň üstünden ýere taşlanandygyny aýdýar.

Bu wakada huşuny ýitiren Gennadiý Pawlýuk özüne gelmän, koma ýagdaýynda hem aradan çykdy. Žurnalistiň kärdeşleri we tarapdarlary onuň ölümini söz azatlygyna garşy edilen hüjüm hökmünde häsiýetlendirýärler.

Gennadiý Pawlýuk soňky ýyllar «Argumenty i Fakty» we «Komsomolskaýa prawda w Kirgizii» ýaly gazýetlerde syýasy we sosial temalardan ýiti makalalar bilen çykyş edip gelipdi.
XS
SM
MD
LG