Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: “Kambojiýanyň uýgurlary gaýtarmagyna maliýe ylalaşygy ýok”


Sişenbe güni Hytaýyň häkimiýetleri Kambojiýanyň ol ýerdäki uýgur bosgunlaryny Hytaýa gaýdyp bermek barada gelen soňky kararynyň Hytaýyň bu ýurda maliýe ýardamyny bermek wadasy bilen baglanyşykly däldigini aýdyp, çykyş etdiler.

Ýakynda Hytaýyň hökümeti Kambojiýa 800 million dollar töweregi möçberinde gumanitar ýardam berjekdigini mälim edipdi.

Şol wakanyň yzy bilenem geçen hepdäniň şenbe güni Kambojiýanyň häkimiýetleri bu ýurda bosup baran 20 sany hytaýly uýgury Hytaýa ekstradisiýa etmek barada karar çykardylar.

Bu gürrüňi edilýän uýgurlar şu ýylyň iýul aýynda Hytaýyň Urumçi şäherinde ýüze çykan etniki bulagaýçylyklaryň yzy bilen, Kambojiýa bosup barypdylar.

Kambojiýanyň bu kararyna dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar we guramalar ýiti protest bilen reaksiýa bildirdiler.

XS
SM
MD
LG