Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew ýokary derejeli ýewropaly ýolbaşçy bilen duşuşýar


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Thorbjoern Jagland bilen duşuşýar.

Jaglandyň Orsýete edýän bu ilkinji saparynyň dowamynda ýurtda adam hukuklarynyň gowylandyrylmagy, şeýle-de ölüm jezasynyň ýatyrylmagy ýaly meseleleri gozgamagyna garaşylýar.

Jagland duşenbe güni Moskwa bardy. Üç gün dowam etjek bu saparyň dowamynda, ol ýokary derejeli rus ýolbaşçylary, şeýle-de graždan jemgyýetçiligiň wekilleri bilen duşuşar.
XS
SM
MD
LG