Sepleriň elýeterliligi

Ýurtda reforma geçirmäni başarýarlarmy?


Aşgabadyň Aýtakow köçesiniň ugrundaky ýangyç stansiyasy, 2009-njy ýyl.

Aşgabadyň Aýtakow köçesiniň ugrundaky ýangyç stansiyasy, 2009-njy ýyl.

Ritoriki sowal. Köp kişiniň bu sowala seňrigini ýygyrmagy mümkin. Türkmenistanda reformalaryň haýal gidýäni hiç kim üçin gizlin däl.

Ýöne pul çalyşmak - denominasiýa ýurtda uly üstünlik bilen geçdi. Şu meselede hiç hili başagaýlyk, tolgunyşyk ýüze çykmady. Köne pul täze pul bilen deň derejede ýylyň dowamynda doly ýöredi.

Denominasiýa döwründe, elbetde, säwlikler göze ilmän durmady. Ýagny, ownuk pullaryň ýetmezçiligi duýuldy. Şol sebäpli täze pul bilen birlikde köne on müň manatlyk (täze pulda iki manat) ýylyň ahyryna çenli diýen ýaly ulanyşdan galmady.

Elbetde, täze puldan üç manatlygyň gerekligi äşgär göründi. Reformaçylar täze ýyldan bu ýagdaýy-da düzedýärler. 2010-njy ýyldan başlap, bir hem-de iki manatlyk demir pullar dolanyşyga giriziler. Şeýlelikde, pul çalşygy ýagdan gyl sogrulan ýaly geçdi diiýip aýdyp bolar. Türkmen hökümediniň denominasiýa geçirmekdäki üstünligini aýratyn bellemek gerek.

Denominasiýa ýokary derejede geçdi. Ýöne benzin bilen baglanyşykly geçirilýän reforma köp sürüjide nägilelik döredýär.

Näme üçin?

Sebäbi benzin reformasyna oýlanyşyksyz çemeleşildi. Dogry, benziniň belli bir möçberi ilata mugt berildi. Netijede hökümedem utuldy, sürüjilerem utuldy.

Sürüjileriň köpüsi maşynlaryny tygşytly ulanmaga mejbur boldy. Olar özlerine mugt berilýän talonlaryň daşyndan benzin satyn almadylar. Şeýlelikde, hökümede benzinden az girdeji girip başlady.

Ýagdaý şeýle bolansoň, 2010-njy ýylda sürüjilere mugt paýlanýan benzin talonlary ýatyrylyp, benziniň bir litriniň bahasy müň manatdan ( 20 teňňe) satyljak diýen gürrüň hem ýaýrady.

Şeýle baha sürüjileri kanagatlandyrýardy. Hökümedem talon çykarmak, talon paýlamak ýaly hysyrdylardan azat boljakdy.

Emma gowy gürrüň ýalan bolup çykdy. Benziniň talonly tarapy ýene öňki-öňküligine galdy. Özem ozalkysyndan gülkünç häsiýete eýe boldy.

Öňküler ýaly, ýöne başgaça

Şu günler 2010-njy ýylyň birinji ýarymy üçin benzin üçin talon berlip başlandy. Öňküler ýaly, alty aýa 720 litr benzin goýberilýär.

Hususy ýeňil maşynlaryň eýeleri bu sapar garaşylmadyk ýagdaýa duçar boldular. Öňler 95-lik benzine alty aýlyk talon alýan sürüjilere bu gezek 540 litr 95-lik, 180 litrlik hem 76-lyk benzine talonlar gowşuryldy.

Muňa nägilelik bildiren sürüjilerem tapyldy. Olara jogap nagt boldy: «Talonlary görkezme boýunça paýlaýarys. Isleseňiz, benzini garyşdyryp guýuň, isleseňiz, satyň, isleseňiz, 76-lygyňyzy 95-lige çalşyň! Keýpiňiz kelläňizde…»

Kellelerde welin, keýp ýok. Bu edilýän işlerden ýaňa kelleler durşy bilen duman. Şeýdibem, öz-özünden sowal döreýär: «Näme üçin denominasiýany hiç bir problemasyz geçirmegi başaran hökümet benzinli problemany-da iki tarap üçinem bähbitli edip çözmäni oňarmadyka?»

Ýurtda hususy ulaglaryň gitdigiçe köpelýän döwründe benzinli mesele häzirlikçe iň bir wawwaly meseleleriň biri bolup durýar. Bu mesele oňyn çözgüde garaşýar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG