Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärdogan Türkmenistana sapar eder


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhammedow bilen Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdoganyň arasynda telefon gürrüňdeşligi boldy.

Bu telefon gürrüňdeşliginde Berdimuhammedow bilen Ärdogan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Gürrüňdeşligiň barşynda Türkmenistanyň prezidenti Türkiýäniň premýer-ministrini özüne amatly wagty Türkmenistana sapar etmeklige hem çagyrdy.

Bu çakylyk Rejep Taýýyp Ärdogan tarapyndan minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Bu gurnaljak saparyň anyk möhleti diplomatik ýollar arkaly ýakyň geljekde ylalaşylar – diýip, Türkmen Döwlet Habarlar gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG