Sepleriň elýeterliligi

Eýran protestlerde Günbatary aýyplaýar


Eýranýň resmileri ilaty köpçülikleýin protestlere çykmaga Günbataryň öjükdirýandigini aýdýär.

Eýranyň Daşary Işler ministirliginiň metbugat sekretary Ramin Mahmanparast özleriniň Britan ilçisini çagyryp, Eýranyň içeri işlerine bu ýurduň goşulyşmagyna düşündiriş talap etjekdiklerini aýtdy. Bu ugurda başga-da çäreleriň kabul ediljekdigini eýran resmisi nygtady.

Şeýle hem Eýrandan gelen maglumatlarda Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadiniň aýal doganynyň tussag edilendigi aýdylýar.

Geçen gije Eýranda ady belli žurnalistiň hem aýallaryň hukugyny goraýjy aktiwistiň tussag edilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG