Sepleriň elýeterliligi

Öňe, diňe öňe bir eňjek ýagşy



Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň,
Şereňňiz, köp tilli kethudalardan.

Magtymguly










Kyrk emzikden ýene kyrk emjek jagşy,
Kyrk pälwany ýene bir ýeňjek ýagşy.
Ýene kyrk zuwwetdin yza gaçýarka,
Öňe, diňe öňe bir eňjek ýagşy.

Durmuş – jeň meýdany, berk tut ýaragy,
Sakar kellä sürtme demir daragy.
Aýyl-saýyl eder irigöz elek –
Kimde towşan, kimde arslan ýüregi.

Özüňden ejize dodak çöwürme,
Şer agtaryp köne saman sowurma.
Ýow gününde süýji görüp janyny
Bir gezek gaçany yza öwürme.

Barybir kümsükden gahryman çykmaz,
Bäş litrlik ganyň damjasyn dökmez.
Eli arkasyna baglanan batyr
Jandan geçse geçer, dyzyna çökmez.

Dost bar, wepalydyr saçak başynda,
Kyn günüňde biri galmaz daşyňda.
Gyňyr ata saýrasaňam düşünmez,
Ene biler ne söwda bar başyňda.

Adam bar ki, ýörän jolun aňlamaz,
Adam bar ki, magşar güni aglamaz.
Diňe erkek däl-de, çyndan är bolsaň
Eziz ýassykdaşyň hergiz aldamaz.

Kasamam etdirme, antam içirme,
Ojagyň oduny ölçer, öçürme.
Hiç bir zat ýylytmaz boşan ýorgany,
Şükür et, pikir et, kelle göçürme.
XS
SM
MD
LG