Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biwepa ýan ýoldaşlar ýa-da Watana wepa


Biwepalar ähli döwürde-de hemmeler tarapyndan näletlenip gelnipdir. Olar biziň zamanamyzda-da halanmaýar. Dostuna wepa bermedigem, halkyna wepa bermedigem, Watana wepa bermedigem, ýaryna wepa bermedigem hiç bir halk halamaýar. Şeýle adamlary türkmenler-de halamaýar.

Biwepanyň işi jelebiňkiden beterdir. Jelep - aç-açan jelepçilik edýär. Ol hiç kimden bukuljagam bolanok. Özüniň jelepçilik edýänini gizlejegem bolanok. Onuň jelepligini hemmeler bilýär. Şonuň üçin jelep bilen baş goşasy gelýänler baş goşýarlar, olary halamaýanlar bolsa, olardan daşda gezýär.

Biwepalar welin, iň gorkunç hem hatarly adamlar. Olar ençeme öýleriň ýykylmagyna sebäp bolýarlar. Öz öýüni bozýarlar, ýan ýoldaşlarynyň öýüni bozýarlar, bozuklyk eden kişisiniň öýüni bozýarlar, çagalarynyň öýüni bozýarlar.

Biwepa adam aldaýar. Adam oýnaýar. «Ömrüm boýy seniň bilen ýaşajak» diýip, ýan ýoldaşyna söz berse-de, başga kişä gujak açyp, adamy ile gürrüň edýär. Kokantly ýigidiň özüne ikilik eden aýalyny köçä çykaryp ýalaňaçlanlygy hakdaky habary bizem eşitdik.

Hiç bir erkek kişi öz aýalynyň biwepalyk edenini bagyşlap bilmez. Biriniň başyna düşen iş hakda keseden gürrün etmek aňsat. Ýöne kokantly ýigit hakdaky wakany her kim «Şol oglanyň ýerine özüm bolan bolsam näderdim?» ýa-da «Şol oglanyň ýerine oglum bolan bolsa näderdim?» diýen pikir bilen seljermeli.

Türkmenistanly bir ýazyjy: «Aýal biwepalyk edýän bolsa, erkek günäkär» diýip, ol waka hakda öz pikirini aýtdy. Aýal biwepalyk edende erkek hiç wagt günäkär bolýan däldir. Aýal erkek garyp düşende oňa biwepalyk etmeli däl-de, ýan ýoldaşyny goldap, oňa tekge berip durmaly. Erkek gelmeze gidende-de aýal ojagy saklaýjy bolmaly. Erkegiň garyp düşen güni baý erkegiň gujagyny küýseýän aýaldan aýal bolmaz. Erkek uzak ýollara gidende ýakynyndaky erkegiň gujagyna girýän aýaldanam aýal bolmaz.

Aýal - enedir. Her bir ene terbiýeçidir. Ene çagalaryna, töweregine gowy terbiýe bilen görelde bolmalydyr. Bozuk aýaldan nähili terbiýe aljak?! Ýolbaşçylara ýaranjaňlyk etmegi namys bilip, pukara günde (hakykatda welin halal, arassa hem abraýly günde) ýaşap ýören adamsyny äsgermän, ýokary wezipedäki kişilere oýnaş bolup, utanman, iliň-günüň gözüniň öňünde iş otaglarynda-da bozuklyk edip ýören aýallar Türkmenistanda-da bar. Olar özleriniň bozuklyklaryny hernäçe bukulyp edýämikäm diýseler-de, «Temen haltada ýatmaz» diýlişi ýaly, olary il-gün tanaýar. Olar özleriniň bozuk ýoly bilen çagalaryny okuwa salýarlar, çagalaryna wezipe alyp berýärler, özleri wezipe alýarlar, boýlaryny bezeýärler, artykmaçrak iýýärler. Olaryň ýan ýoldaşlarynyň bolsa boýny buruk. Il içinde ýüzlerini ýerden galdyryp bilenoklar, öýleri bozulýar, çagalaryndan jyda düşýärler. Bir kişini şeýle güne salýan aýalda näme üçin günä ýokmuş?

Gadym wagtlarda...

Gadym döwürlerde Orta Aziýada biwepalyk edýän aýallary «saňsar daş» diýen usul bilen öldürer ekenler. Ýagny biwepa aýaly bütin oba bolup daşlar ekenler. Bu epizod türkmen ýazyjysy Annamuhammet Gylyjowň «Köýten nalasy» atly kitabynda-da (soňra şu kitap boýunça düşürilen kinoda-da) getirilýär. Elbetde, adam hukuklarynyň has goralýan döwri bolan biziň döwrümizde, aýratyn-da dünýä ýurtlarynyň ölüm jezasyny ýok edýän döwründe biwepalary öldürmeg-ä aýyp bolar. Ýöne aýal biwepalyk eden ýerde erkegi günäkärlemeli däl. Aýal biwepalyk eden ýerde erkegi näme üçin günäkärlemeli? Aýaly gerk-gäbe doýurmany üçinmi? Boýuny bezemeýäni üçinmi? Ýa wezipe alyp, ony personal maşynynda gezdirmeýäni üçinmi? Şu wagt Türkmenistanda erkekleriň ýarsy işsiz. Adamsynyň garyplygy üçin erkekleriň ýarsynyň aýaly başga kişiniň gujagyna giräýmelimi?

1881-nji ýylda türkmenleriň Gökdepe galasy patyşa Russiýasynyň goşunlary tarapyndan zabt edilip alynýan wagtynda rus esgerleriniň biri türkmen gelniniň golundan tutup süýräpdir. Şondan soň şol gelin: «Goluma keseki erkegiň eli degdi» diýip, gylyç bilen öz goluny çapypdyr. Ýogalansoň şol gelni obadaşlary gonambaşy edipdirler. Gonambaşy bolmak hormaty türkmenlerde iň hormatlanýan adamlara berilýär. Ýagny gonamçylyga gonambaşy bolanyň ady dakylýar. Türkmen zenanlarynyň örän köpüsi ikinji jahan urşuna gidip, ojaklaryna dolanyp gelmedik ýan ýoldaşlarynyň ojaklaryny saklap, ömürlerini ötürdiler. Hatda olaryň perzentsiz galanlaram örän köp boldy. Olar ikinji sapar durmuşa çykjagam bolmadylar. Hiç kim olara: «Durmuşa çykma» hem diýmedi. Ol eneler türkmenleriň akylly aýal-gyzlaryna görelde bolup geldiler.

Azan aýalyny köçede ýalaňaçlany üçin kokantly ýigide bir tarapdan gahar hem etmeýärler. Aýalynyň başga erkek bilen biwepalyk etmegi ol ýigidiň namysynyň basgylandygydyr. Onuň özi masgaralanan hem jebir çeken bolup durýar. Bu ýerde masgara bolan köçede ýalaňaç teni görkezilen aýal däl-de, namysy basgylanan erkek kişidir. Haramlygy başlan günäkärdir.

Türkmenleriň söýgüli şahyry Kerim Gurbannepesowda şeýle goşgy setirleri bar:

Köýnegiň ýüpek bolup, namysyň nah bolandan,
Goý, köýnegiň nah bolup, namysyň ýüpek bolsun!


Garyp günde, kyn günde galan dostuny taşlap gidýän dost bilen garyp halkyny sylaman, bir özüni ýüpek-parça çolap, bir özüni şat günde ýaşadýan, halky, Watany talap, diňe öz baýlygyny artdyrýan ýolbaşçynyň-da ýan ýoldaşyna biwepalyk edýän aýaldan parhy ýokdur.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG