Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda neşekeşlige garşy göreşi güýçlendirmegi we ýaslaryň arasynda wagyz işlerini ösdürmegi tabşyrýar. Ylaýtada ol bu ugurda oba ýaşulylarynyň köp tagalla etmegini soraýar.

Türkmenistandan gowuşýan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri indi neşä garşy göreşi güýçlendirdi. Soňky ýyllarda ýurtda ele salnan neşe maddalary yzygiderli otlanyp, ýok edildi.

Synçylaryň bellemegine görä, dürli çärelere garamazdan, ýaşlaryň özi hem neşekeşlige garşy göreşe aktiw gatnaşmaly, neşä garşy göreş barada statistiki maglumatlar berilmeli, döwlete garaşsyz jemgyýetler hem döredilmeli. Bu jemgyýetler häkimýetleriň neşä garşy görýän çärelerine kömek ederdi diýip, halkara guramalary aýdýarlar.

Türkmenistanda ýaş gyzlaryň arasynda hem neşe maddalaryny ulanýanlaryň sany artýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda Mekdep okuwçylarynyň mobil telefony giňden peýdalanmagy barada hem maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG