Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň habar serişdeleri iki goňşy döwlet gaz boýunça indi uly bir güýje öwürler we bilelikde Ýewropa bazaryna öz gazyny satarlar diýip ýazýarlar. Günbatar ekspertleri hem türkmen gazynyň Eýrana akdyrylmagyny uly waka hasaplaýarlar.

Türkmenistanyň gaz pudagyndaky Eýran bilen hyzmatdaşlygy iki göňşy döwleti indi uly bir gaz imperatorlygyna öwürýär diýip, Eýranyň resmi habar agentligi IRNA baha berýär.

Bu agentlik «Türkmenistan we Eýran - gaz imperatorlary» atly makalasynda sebitde iki goňşy ýurduň iň uly gaz resurslaryna eýe döwletlerdigini belleýär hem-de bu iki döwletiň gazynyň geljekde Günbatary gaz bilen üpjün etjekdigini öňe sürýär. Şeýle-de IRNA Türkmenistanyň gazynyň Günbatara Eýranyň üsti bilen gysga hem-de göni ýoldan akdyrylyp, has arzan satylyp bilinjekdigine ünsi çekýär.

Eýranyň nebit-gaz agentligi SHANA hem türkmen gazyny satyn almaklygyň dürli tarapdan Eýranyň bähbidinedigini belleýär.

FARS agentligi bolsa, goňşy ýurtdan gaz almagyň peýdasyny onuň arzanlygy bilen düşündirýär. Hökümete ýakyn bu agentlik Türkmenistanyň gazynyň her 1000 kubometri hazirki wagt 170 dollardan satyn alynýar diýip, habar berýär.

Orsýeti gaharlandyrýan ýagdaý

Ýöne Türkmenistanyň gazynyň Eýrana akmagynyň bähbitli taraplaryny düýbi Waşingtonda ýerleşýän «Jeams Town Fondation» guramasynyň eksperti Wladimir Sokor birneme başgaça düşündirýär.

Eýran 13 ýyl mundan ozal, az möçberde bolsa-da, türkmen gazynyň ilkinji gezek Orsýetiň gaz geçirjilerinden sowa ýoldan eksport edilmegine şert döredipdi. Netijede, Eýran 1997-nji ýylda ilkinji bolup Türkmenistanyň gaz baýlygynyň üstünden Orsýetiň agalygyny, ýagny monopoliýasyny böwsüpdi.

«Eýranlylar indi mundan ozal diňe Orsýete akdyrylan türkmen gazyny has köp möçberde satyn alýarlar. Bu bolsa Orsýeti gahar-gazaba mündürýär» diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän «Jeams Town Fondation» guramasynyň eksperti Wladimir Sokor belleýär.

Bu gaz geçirijiniň ähmiýeti şeýle ulumy?

Emma eýranly ekspert Dr.Human Peýmani Sokoryň bu pikiri bilen ylalaşmaýar. Peýmani bu gaz geçirijiniň uzaklygynyň bary-ýogy 60 kilometrdigini, ondan akdyryljak gazyň hem diňe Eýranyň demirgazyk regionyny üpjün edip biljekdigini belleýär.

Onyň sözlerine görä, bu gaz geçirijiniň ähmiýetini çişirip görkezmeli däl. Sebäbi ol Türkmenistana öz gazyny Günbatara akdyrmaga mümkinçilik döretmeýär. Galyberse-de, bu ugurda iki ýurduň arasynda hiç hili resmi ylalaşyga gol çekilmedik. Eýrandan Türkiýä gurlan gaz geçirjiden bolsa köp möçberde gaz akdyryp bolmaýar. Diýmek, türkmen gazyny, meselem, Türkiýä Eýranyň üsti bilen akdyrmak entek mümkin däl.

Ýöne eýranly ekspert Peýmani öz söhbetiniň dowamynda Eýrana akdyrylýan gazyň Türkmenistan üçin ähmiýetlidigini nygtap, şeýle diýdi: «Türkmenistan üçin öz gazynyň Eýranyň özünde ulanylýandygynyň ýa ondan aňryk başga bir ýurda akdyrylýandygynyň tapawudy ýok. Haýsy bolanda-da, bu Türkmenistan üçin utuş».

Eýranly ekspert geljekde türkmen gazyny Günbatara akdyrmak üçin Eýranda şert döreýändigini nygtaýar. Ol Eýranda täze gurulýan „Pars“ atly gaz geçiriji Eýranyň gazyny Günbatara akdyrmak üçin gurulýar diýýär. «Geljekde türkmen gazyny hem şu gazgeçiriji arkaly akdyrmak mümkin bolar» diýip, Peýmani çaklaýar.

Dr.Human Peýmani Ahmadinejadyň Türkmenistana saparyna diňe bir ykdysady taýdan üstünlik gazanmak üçin edilen synanyşyk däl-de, eýsem syýasy taýdan at-abraý gazanmak üçin hem edilen synanyşyk diýip, baha berýär.

Türkmenistan we Eýrana garşy sanksiýalar

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän «Jeams Town Fondation» guramasynyň eksperti Wladimir Sokoryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Eýran baradaky syýasaty regionda hem-de halkara derejesinde bir täzelik.

«Sebäbi Berdimuhamedow Eýrana garşy girizilýän ykdysady sanksiýalary puja çykarýar. Berdimuhamedow Günbatarda gowy garşy alynýar. Ýöne şol bir wagtda onuň Ahmadinejat bilenem arasy saz. Onsoň Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň netijesinde Günbataryň Eýrana garşy energiýa ugrunda girizýän sanksiýalary puç bolýar» diýip, ol Türkmenistanyň bu ugurdaky syýasatyna baha berýär.

Wladimir Sokor türkmenleriň bu ugurda öz bähbitlerine gulluk edýändiklerini aýdyp, bu tendensiýany goldaýandygyny bildirdi.

Germaniýanyň Orsýet we GDA ýurtlary baradaky institutynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Aleksander Rahr: «Günbatar türkmen gazyny satyn almakda Orsýetden, Hytaýdan hem-de Eýrandan yza galdy. Ýöne indi nobat Günbatara ýetdi» diýip, belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG