Sepleriň elýeterliligi

Ärdogan Orsýete resmi sapar bilen barýar


Şu gün Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Orsýete iki günlük resmi sapar bilen barýar.

Rejep Taýyp Ärdogan özüniň bu saparynyň barşynda Orsýetiň käbir beýleki ýokary derejeli resmileri bilen bir hatarda premýer-ministr Wlaimir Putin bilen hem gepleşikler geçirer diýlip garaşylýar. Geçiriljek gepleşiklerde esasan energiýa, ykdysady we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyklaryň üns merkezinde boljakdygy habar berilýär.

Orsýet Türkiýäniň iň esasy söwda partnýorlaryndan biri bolmagynda galýar. Türkiýäniň daşary döwletlerden satyň alýan tebigy gazynyň hem 60 prosente golaýy Orsýetiň gazy.
XS
SM
MD
LG