Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň paýtagty Berlinde 15-nji ýanwarda Oba hojalyk önümleriniň Halkara sergisi açyldy. Bu ýyl bu sergä 56 döwlet gatnaşýar. Bu sergä her ýylda barýanlaryň biri Berlin şähärinde ýaşaýan, ozal Türkmenistanyň Suw-gurluşygynda inžener kärinde işlän Ýusup Kordyr. Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçyşy Taher Şir Mohammadi Ýusup Kor bilen bu sergi barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Berlinde her ýylda bolýan bu sergi barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?

Yusup Kor
Ýusup Kor:
Bu sergä nemes dilinde „Grüne Woche“ diýilýär, türkmençesi „Ýaşyl hepde“ bolýar. Bu sergi her ýylda ýanwar aýynyň başynda geçirilýär. Germaniýanyň hem-de dünýäniň ähli ýurtlaryndan bu sergä gelýärler we ony gowy garşy alýarlar. Şonuň üçin sergi bu ýyl 10 günläp dowam eder.

Bu Halkara sergä öňki SSSR-iň respublikalaryndan, şol sanda Merkezi Aziýa döwletlerindenem gatnaşýarlar. Ýöne, gynansak-da, Türkmenistan muňa üns bermeýär. Belkem, gelejekde şu meselä üns bererler diýip umyt edýän.

Azatlyk Radiosy: Berlinde geçirilýän Oba hojalyk önümlerniň halkara sergisiniň bu ýyl 75-nji gezek geçirilişi. Ýusup, siz Berlinde ýaşaýarsyňyz. Siz bu sergä gatnaşdyňyzmy?

Ýusup Kor: Men şu sergä 17 ýyldan bäri gatnaşyp gelýärin.

Azatlyk Radiosy: Germaniýadaky sergä 56 ýurtdan 1600 adam öz Oba hojalyk önümlerini getiripdir. Eýse, Türkmenistan hem şular ýaly Halkara sergä gatnaşsa gowy bolmazmydy?

Ýusup Kor: Elbetde, gowy bolardy. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde Oba hojalyk önümleri esasy pudak hasaplanylýar. Türkmen ylaty hem esasan Oba hojalyk bilen meşgul. Şonuň üçin Türkmenistanyň döwletine-de, halkyna-da şular ýaly halkara derejesinde geçirilýän sergiler degişlidir diýip pikir edýän. Olar bu sergilere gatnaşyp, köp tejribeleri gazanyp bilerdiler.

Azatlyk Radiosy: Ýusup, siz birnäçe ýyllap Türkmenistanyň Suw-gurluşyk hojalygynda inžener bolyp işlediňiz. Türkmenistanyň Oba hojalygyndaky gök önümleriň ýagdaýyna belet adam. Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan şular ýaly Halkara sergilere öz haýsy önümlerini getirip bilerdi?

Ýusup Kor: Türkmenistanyň getirip biljek önümleri gaty köp. Men Türkmenistanda Oba hojalyk bilen gyzyklanyp we ony öwrenmek üçin köp ýerlerini paý-pyýada gezdim, hasam Daşoguz we Balkan welaýtlaryna beletçiligim bar.

Türkmenistanda, her tarapdan alsaň-da, öz harytlary bilen bazara çykmaga mümkinçilik bar. Türkmenistan gök önümleri, miweleri, gury önümleri, kakadylan önümleri sergä getirip bilerdi. Mysal üçin, et ömümlerinden kolbasa ýa-da alkogolly içgilerden, alkogolsyz içgilerden, miwe suwlaryndan hem öz önümlerini sergä getirip bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şular ýaly Halkara sergi Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini Germaniýanyň ilatyna tanatmak üçin nähili kömekleri ederdi?

Ýusup Kor: Mysal üçin, şu taýda ýok zadyň biri – gawunyň kaky. Şu taýynyň ýerli halkyna gawunyň kakyny görkezeňde, umuman, Ýewropada ýaşaýan haýsy millet bolsun tapawudy ýok, hemmesi gyzyklanýarlar we dadyp görýärler. Bir gezek şeýle waka boldy. Men Türkmenistandan Germaniýa gaýdamda özüm bilen düýe çal alyp gaýtdym. Türkmenistanda ol bazarda satylýar. Berliniň aeroportuna gelemde, gümrük işgärleri geň galyp, birinji gezek biziň ýurdumyza düýäniň süýdi geldi (nemesler düýe çala kamelmilch diýýärler) diýip, ony surata düşürdiler.

Olar dünýäniň bir ýerinde düýäniň süýdi öndürilip, şu derejede dükanlarda satylýan eken we ony biziň ýurdumyzdan biri özi üçin gertipdir diýip, haýran galdylar. Menem düýe çaly Türkmenistandan maşgalama dadyraýyn diýip, alyp gaýdypdym. Diýjek bolýanym, indi her tarapyndan seredeňde-de, Türkmenistanyň birentek önümleri: et we beýleki maldarçylyk önümleri, künji, günebakar ýagy, pagta önümleri, gawun-garpyz, şu taýynyň bazaryna çykarylyp bilnerdi.

Germaniýada gije-gündiz açyk dükanlar bar. Türkmenistanyň döwleti ýa-da hususy sektor şol dükanlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýup bilerdi. Türkmenistanyň döwleti şu meselä üns berse we ondan gazanç edip biljekdigine göz ýetirse, örän gowy bolardy, bu ilat üçinem köp peýdaly bolardy diýip, pikir edýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG