Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň goranmak ministri Türkiýä bardy


Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak ýekşenbe güni Türkiýede boldy.

Baragyň aýtmagyna görä, onuň bu sapary Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda ýakynda dörän diplomatik krizisiň köşeşmegine kömek etdi.

Ol Ankarada žurnalistlere beren interwýusynda, ýakynda Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Türkiýäniň bu ýurtdaky ilçisini kemsidenligi baradaky wakadan soňra bu iki ýurduň aragatnaşygynyň gowulyk bilen dartgynlygy yzda galdyranlygyny aýtdy.

Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkiýäniň bir telekanalynda görkezilen tele-seriýal barada protest etmek üçin türk ilçisini edarasyna çagyryp, ony özünden pes ýerde oturdypdy.

Ysraýyl bu mesele boýunça Türkiýeden ötünç sorady. Barak ilçi bilen bagly ysraýylly ýolbaşçynyň eden hereketiniň ýalňyşdygyny aýdyp, soňra bu barada diplomatik normalara mynasyp ädim ädildi diýdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Baragyň beren jogabyndan özüniň razydygyny aýdyp, Türkiýäniň bu meseläni dowam etdirmejekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG