Sepleriň elýeterliligi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda Aşgabadyň merkezindäki Bitaraplyk diňi şäheriň günortasyna geçirilýär. Ýokarsynda Saparmyrat Nyýazowyň altyn çaýylan 12 metrlik heýkeli goýlan 75 metrlik diň öňki prezidente dikilen iň uly ýadygärlikdi.

Bu diňiň sökülip şäheriň günortasynda täzeden gurulmagy bilen baglylykda Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy bilen baglaşylan täze şertnamanyň umumy bahasy baha üçin goşmaça salgyt göz öňüne tutulmazdan 217 million 873 müň 600 amerikan dollaryna durýar. Täze diňiň boýy 95 metr bolar.

Prezidentiň kararyna görä, bu gurluşyk mart aýynda başlanyp, 2011-nji ýylyň oktýabrynda, garaşsyzlygyň 20 ýyllygyndan öň taýýar ediler.

Häkimiýetler bu karary uly baýramçylygyň öňünden paýtagtyň görnüşini has gowulandyrmak bilen düşündirýärler.

Emma “Financial Times” gazeti syýasy synçylara salgylanyp, jenap Berdimuhamedowyň häkimiýeti öz elinde jemländigini we indi Nyýazowy taryha tabşyrjakdygyny ýazýar.

Türkmen lideriniň öňki prezidentiň iň uly heýkelini paýtagtyň merkezinden başga ýere aýyrmak pikiri, garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň tassyklamagyna görä, «bir ýyl çemesi ozal agzalan gününde hem, şu gün hem halkyň göwnüni göteren pikir» boldy.

Daşary ýurtlarda gülki bolan heýkel

Düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem prezident Berdimuhamedowyň Bitaraplyk diňini başga ýere geçirmek barada ilkinji gezek geçen ýylyň martynda aýdanyny ýatlap, görnüşine görä, munuň diňe gürrüňi edilýän heýkeli başga ýere göçürmek bolman, eýsem başga bir proýektden habar berýändigini, belki-de indiki guruljak Bitaraplyk diňiniň üstünde öňki prezidentiň heýkeliniň bolmajagyny ýa-da başga şekilde boljagyny çaklaýar.
Daşary ýurt maýadarlaryna we hökümetlerine bu ýurtda bir zatlaryň üýtgeýändigini görkezýär.


Tuhbatulliniň pikiriçe, bu, ýumşagragam bolsa, öňki prezidentiň şahsyýet kultuna garşy göreşiň türkmen görnüşi bolup durýar.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermeni Brýus Panniýeriň pikiriçe, öňki prezidentiň şäheriň merkezinde Günüň ugruna aýlanýan äpet altyn çaýylan heýkeliniň bolmagy Türkmenistandan daşarda ýaşaýan her bir adama ullakan sowrujylyk bolup görünýärdi.

«Indi täze döwür. Berdimuhamedow Nyýazowyň daşary ýurtlarda gülki bolan heýkelini haýdan-haý ýok etmedi, biraz garaşdy we garaşsyzlygyň 20 ýyllygynyň öňünden şäheri has gelşikli etmelidigini aýtdy we ony gaty bir göze ilmeýän ýere göçürmegi buýurdy» diýip, B. Panniýer aýdýar.

Onuň pikiriçe, bu Hruşew-Stalin paş edişligindäki ýaly öňki lideriň ähli işini püçege çykarmagy ýa-da tutuş sistemany ýazgarmagy aňlatmaýar. «Bu gaty ýüzleý ädim, emma simwoliki taýdan Türkmenistan bilen iş salyşmakçy bolýan daşary ýurt maýadarlaryna we hökümetlerine bu ýurtda bir zatlaryň üýtgeýändigini görkezýär» diýip, Pänniýer aýdýar.

Başga-başga Türkmenistan

Şeýle hem, bilermeniň pikiriçe, bu käbir adamlara «Nyýazowyň Türkmenistany bir başga Türkmenistandy, Berdimuhamedowyň Türkmenistany bolsa başga Türkmenistan, belki-de, biz bu ýurt bilen biznes edip bileris» diýen pikiri hem berip biler.

Özbegistanly syýasaty öwreniji Taşpulat Ýuldaşew hem resmi Aşgabadyň halkara jemgyýetçiligine Nyýazowyň şahsyýet kultundan kem-kem el çekilýändigi barada yşarat edýändigi bilen ylalaşýar. Ýöne ol ýapyk we korrupsiýa çümen ýurda maýa ýatyrtmagyň aňsat däldigini, has anygy, ýapyklygyň ýurda ýatyryljak maýalaryň öňüni alýandygyny hem sözüniň üstüne goşýar.
Bu ýagdaý Türkmenistanda bir şahsyýet kultundan ikinji şahsyýet kultuna geçilýändigini aňladýar.


T. Ýuldaşewiň pikiriçe, Türkmenistanda heniz S.Nyýazowyň içeri syýasaty dowam etdirilýär we ol ýerde ýurduň ýerasty we ýerüsti baýlyklary, maliýe serişdeleri bilen bagly ähli mesele esasan bir adamyň erk-islegi esasynda çözülýär.

«Meniň pikirimçe, bu ýagdaý Türkmenistanda bir şahsyýet kultundan ikinji şahsyýet kultuna geçilýändigini aňladýar» diýip, ol Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Indi başga bir adamyň kultymy?

Şwesiýada ýaşaýan türkmen syýasatçysy Halmyrat Söýünow hem bu pikir bilen ylalaşýar. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda öňki sistema saklanyp galýar we Nyýazowyň şahsyýet kultuny döreden esasy adamlar indi başga bir adamyň kultuny döredýärler.

«Meselem aýdaly, Wiktor Hramow, Aleksandr Žadan we ýene-eneler, Myrat Garryýew… bularyň hemmesi häzirki günem hökümetde we, üns berip seretseňiz, şol 1992-nji ýylyň oýny ýene gaýtadan oýnalýar. Ýöne ol adamlaryň elindäki gurjak bu gün Nyýazow däl-de, Berdimuhamedowyň şahsyet kulty bolup dur» diýip, H. Söýünow aýdýar.

«Financial Times» gazeti bu waka baradaky synynda prezident Berdimuhamedowyň özüne heýkel dikdirmändigini, ýöne onuň Aşgabatdaky jemgyýetçilik binalarynyň diwarlaryna ýabşyrylan suratlarynyň köpelmeginiň täze şahsyýet kultunyň duýduryşy bolandygyny aýdýar.

Halkyň giň düşünjeli böleginiň arzuwy

Ýerli synçylar, şol sanda garaşsyz žurnalist D.Ýazgulyýew bilen öňki deputat H. Söýünow, halkyň giň düşünjeli böleginiň Nyýazowyň şahsyýet kultundan ymykly dynylmagyny arzuw edýändigini, munuň üçin bolsa onuň oba-şäherlere dakylan atlarynyň hem aýrylmalydygyny aýdýarlar.

Hukuk goraýjy F.Tuhbatullin türkmen häkimiýetleriniň bu işi ýuwaş-ýuwaşdan, gaty bir galmagal turuzman, dürli bahanalar bilen etjegine ynanýar we prezident Berdimuhamedowyň tomus Awazada bir oteli açanda «bu şäher täze ýere geçiriler we täzeçe gurlar» diýip aýdan sözlerine salgylanyp, Türkmenbaşy şäheriniň hem adynyň üýtgemeginiň ahmaldygyny öňe sürýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG