Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Ýakyn Gündogara barýar


Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylygy ornaşdyrmak baradaky tagallalar boýunça gepleşikler geçirmek üçin Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň ýörite wekili Jorj Mişel şu hepde Siriýa, Liwan, Palestina we Ysraýyla barar.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili P.J. Krowly, Mişeliň çarşenbe güni Liwanyň prezidenti Mişel Suleýman bilen duşuşandan soňra, şol gün Siriýanyň prezidenti Başar-ul-Asad bilen pikir alyşmak üçin Damaska sapar etjekdigini aýtdy.

Mişel Ýakyn Gündogara etjek şol saparynyň dowamynda Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netenýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen hem duşuşar.
XS
SM
MD
LG