Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan we BMG neşä garşy göreşi maslahatlaşýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

BMG-niň neşe we jenaýatçylyk boýunça edarasynyň Merkezi Aziýadaky wekili James Kallahan Türkmenstana saparynyň çäginde Minsitlrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça döwlet koordinasion komissiýasynda, Döwlet gümrük gullugynda, Içeri we Daşary işler minsitrliklerinde we Döwlet serhet gullugynda gepleşik geçirdi.

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça edarasynyň Merkezi Aziýadaky wekili James Kallahanyň türkmen resmileri bilen Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde esasy üns özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesine gönükdirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň milli kanunlaryny reformirlemek işleriniň çäginde, türkmen spesialistlerini taýýarlamak we degerli edaralary döwre laýyk abzallaşdyrmak boýunça gatnaşyklar maslahat edildi. Bu barada TDH gullugynyň maglumatynda aýdyldy.

Şu günki gün dünýäde neşäniň azyndan 90%-i Owganystanda öndürilýär. BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça proýektiniň Aşgabatdaky edarasynyň ýolbaşçysy Erjan Sakanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Owganystan bilen serhetdeş regionda neşä garşy göreşe örän uly ähmiýet berilýär, BMG Owganystandan gelýän neşä garşy göreşde Türkmenistana öz möhüm agzasy hökmünde garaýar.

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça edarasynyň Merkezi Aziýadaky wekili James Kallahan Owganystanda neşe önümçiliginiň soňky ýyllarda has artanlygyny we gitdigiçe neşäniň has köp mukdarynyň ýurduň Türkmenistan bilen serhedine golaý böleklerine aşyrylýanlygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Neşä garşy goreş boýunça halkara hyzmatdaşlyk

BMG-niň neşäniň we adamyň aňyna täsir ýetirýän serişdeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça 1961, 1971 we 1988-nji ýyllarda kabul eden rezolýusiýalarynyň ählisine goşulan Türkmenistanyň, halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýänligini, şeýle-de Hazar ýaka döwletleriniň serhet gulluklary bilen ýakyn gatnaşyk alyp barýanlygyny, TDH gullugy öz maglumatynda belleýär.

Maglumata görä, Türkmenistan BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça edarasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň programmasynyň birnäçe regional hem milli proýektlerini amala aşyrýar, şeýle-de birnäçe ýurtlaryň neşäniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi we serhet gözegçiligini güýçlendirmek boýunça ikitaraplaýyn proýektlerine gatnaşýar.


BMG-niň neşe we jenaýatçylyk boýunça proýektiniň Aşgabatdaky edarasynyň başlygy Erjan Sakan, Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň programmalarynyň çägindäki proýektlere şol sanda neşä garşy we serhet gözegçiligine degişli proýektlere goşulmagy, şeýle-de Neşa garşy göreş boýunça döwlet gullugyny döretmegi ýurduň neşä garşy göreşde öňe tarap barýanlygyny aňladýar diýip belledi.

Resmi sanlara görä, 35 müň neşekeş hasaba alnan


Şol bir wagtda-da türkmen hökümeti tarapyndan berilýän sanlara görä, ýurtda hasaba alnan neşekeşleriň sanynyň 35 müň adamdan ybaratdygyny aýdyp, jenap Sakan türkmen hökümetiniň neşe meselesiniň ähmiýetini artdyryp, bu ugurdan görýän çerelerini dowam etdirmeginiň möhüm we oňly netije berjegine ynam bildirdi.

TDH gullugyna görä, ýurtda bikanun neşe dolanyşygyna garşy we neşekeşlere ýardam bermek boýunça milli programmasynyň üstünlikli amala aşyrylýanlygy aýdylýar. Edilýän işleriň arasynda neşe gaçakçylygynyň öňüne böwet basmak we neşekeşligiň profilaktikasy ýaly çäreler agzalýar.

Öz nobatynda garaşsyz synçylar şu günki gün Türkmenistanda neşe serişdelerini köpçüligiň öňünde ýok etmekden daşgary iş ýüzünde netijeli çäreleriň ýeterlik derejede amala aşyrylmaýanlygyny belleýärler.

Işsizlik, okuwsyzlyk we neşekeşlik

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin şeýle diýýär: “Görülýän çäreler umumy häsiýete eýe bolýar. Meselem, neşe gaçakçylarynyň elinden alnan neşe serişdeleri oda ýakylýar. Emma neşekeşleriň arasynda profilaktiki işleri geçirmek boýunça zerur işler ýeterlik derejesinde alnyp barylmaýar. Neşe problemasynyň esasynda agyr sosial kynçylyklaryň ýatanlygyny hem ünsden düşürmeli däl. Ýurtda agyr işsizlik bar. Üstesine ýylda mekdebi gutarýan 100 müňe golaý ýaşlaryň diňe 10%-ti okuwyny dowam etdirmek mümkinçiligine eýe bolýar. Şeýle ýagdaýda olaryň işsizligi hem okuwsyzlygy köp ýaşlaryň neşekeşlige baş urmagyna şert döredýär”.

Türkmenistanda neşe serişdelerini oda bermek boýunça geçirilýän nobatdaky çäre 2009-njy ýylyň 24-nji dekabrynda amala aşyrylypdy. Türkmen metbugatyna görä, 1 tonna 279 kilogram mukdardaky neşe serişdeleri Türkmenistanyň güýç ulanyjy edaralarynyň resmileriniň we daşary ýurt synçylarynyň, ýagny diplomatik missiaýalaryň hem BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda oda ýakylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG