Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Belarusa sapar edýär


Belarusyň prezident Aleksandr Lukaşenko (sagda) türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Minskde duşuşýar, 25-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Belarusyň prezident Aleksandr Lukaşenko (sagda) türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Minskde duşuşýar, 25-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Türkmenistanyň prezidentiniň 25-nji ýanwarda Belarus Repspublikasyna başlanýan ilkinji resmi sapary bolan iki günlük wizitine Türkmenistan tarapyndan aýratyn uly ähmiýete eýe diýen bahanyň berilýänligi nygtalýar.

Soňky döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aktiwleşmegi bilen Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni ugurlardan aragatnaşygyň giňelenligi bellenilýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar ösýär. 2009-njy ýylda ýurtlar arasynda haryt dolanyşygy 74 million dollardan gowrak bolup, 2008-nji ýylyň görkezijilerinden 8 million dollar artdy. Bu barada TDH gullugy Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetine salgylanyp ýazýar.

Belarusyň haryt dolanyşygy we milli önümleriniň eksporty boýunça görkezijilerde Türkmenistanyň postsowet giňişliginde ýedinji orunda durýanlygyny Orsýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşiri belleýär.

2009-njy ýylyň tomsunda Belarusyň prezidentiniň Aşgabada sapary netijesinde türkmen tarapynyň Minskiniň Traktor zawodyndan 33, 4 million dollara 1,5 müň traktor satyn almagy barada ylalaşyga gol çekilipdi.

Belarusyň harytlary üçin bazar

Belarus boýunça bilermen, Moskwanyň Ýokary ykdysady mekdebi uniwersitetiniň ykdysadyýet we syýasat fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsew Türkmenistanyň Belarusyň harytlary üçin uly bazar bolup durýanlygyny belledi.

“Belarusyň häzir iň uly aladasy pul. Şu sebäpden belaruslar üçin Türkmenistan maşyn-gurluşyk önümleriniň we ilkinji nobatda traktorlaryň söwdasy üçin bazar bolup durýar. Emma gaz söwdasyna degişli käbir planlar hem maslahat edilýän bolmagy ähtimal” diýip, Andreý Suzdaltsew aýtdy.

Gaz meselesi

Taraplaryň gaz meselesiniň geçen ýylyň tomsunda Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana saparynyň dowamynda hem maslahat edilenligi barada käbir çaklamalar öňe sürlüpdi. Emma ýurtlaryň özara gaz söwdasyna postsowet giňişliginde gaz monopoliýasyny saklamaga çalyşýan Orsýetiň esasy böwet bolup duranlygyny synçylar belleýärler.

Türkmenistanyň özalky diplomaty Nurmuhammet Hanamow şeýle diýýär: “Hemme zat Türkmenistanyň gazyna aýlanyp gelýär. Ýöne göni serhet bolmansoň, Belarus türkmen gazyny ulanjak bolaýanda-da, bu Orsýet bilen bolmazmyka diýýärin, sebäbi Ukrainanyň meselesini alyp göräýmeli, Ukraina-da gazy Orsýetiň üstünden alýar, şonuň üçin şu güne çenli ugrukman gelýär”.

Nähili perspektiwalar bar?

Andreý Suzdaltsew awtoritarlygy bilen birek-birege meňzeş režimler bolan Türkmenistan bilen Belarusyň gepleşikleriniň, adatça bolşy ýaly, şu sapar hem ýapyk häsiýete eýe boljaga meňzeýänligini belledi. Belarus boýunça bilermeniň pikirine görä, şu sapar iki döwletiň liderleriniň köpçülige habar berleninden has köp meseleleri maslahat etmekleri ähtimal.

A.Suzdaltsew Türkmenistan bilen Belarusyň özara gaz söwdasyny Orsýetiň gatnaşmagynda-da amala aşyrmak mümkinçiliginiň bardygyny belledi we taraplaryň bu ugurdan soňky ýyllarda Orsýetiň türkmen gazyny satyn alyp, Ukraina öz gazyny satmagy ýaly çözgüde garamagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmady.

Suzdaltsewiň pikirine görä, Belarus bilen harby-tehniki taýdan hyzmatdaşlyk Türkmenistany gyzyklandyryp biljek ýene bir ugur bolup durýar. Türkmenistanyň öz goşunyny täzelemek meselesine ünsi artýarka, Belarus bu prosese gatnaşmaga çalyşýar we onuň harby tehnikany bejermek ugrundan mümkinçilikleri bar.

Halkara gatnaşyklar we syýasy jemgyýetçilik tejribeleri

Belarus boýunça bilermen Belarusyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek taýdan tejribeleriniň hem Türkmenistan üçin peýdaly bolup biljegini çak edýär.

“Türkmenistan Ýewropada orun gözleýär. Bu ugurdan Belarusyň Ýewropa Bileleşiginiň “Gündogar partnýorlyk” proýektine goşulan döwletdigini ýatdan çykarmaly däl, ýagny ol awtoritar režimli ýurt bolup, Orsýete ykdysady taýdan örän garaşly hem bolsa, Ýewropa bilen dialoga başlamagy başardy. Bu tejribäniň Aşgabat üçin örän gyzyklydygyna şübhe ýok” diýip, A.Suzdaltsew aýtdy.

Nurmuhammet Hanamow Belarus dünýä derejesinde awtoritar we diktator ýurt hasaplanýan hem bolsa, onuň syýasy-jemgyýetçilik azatlyklary taýdan Türkmenistandan has ösen ýurtdugyny belledi: “Ikisi hem totalitar režim. Ýöne nähili-de bolsa, Belarusda oppozisiýa bar, içinde az hem bolsa, yzarlanýan hem bolsa, azat metbugat bar. Türkmenistanda bu zatlar ýok. Hiç bolmanda, belki şu zatlary Türkmenistan ozüne peýdaly tejribe hökmünde ulanyp biler. Halkara jemgyýetçiliginde hemişe tankyt astynda bolmajak bolsaň, şolar ýaly ädimler ädilmeli”.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesi

2009-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesinde taraplar arasynda ylym we tehnologiýalar, neşir we informasiýa, sport, syýahatçylyk, halkara awtomobil gatnaşyklary, ýolagçylyk hem ýük gatnawy, şeýle-de gümrük we salgyt meselelerinde özara ýardam etmekden hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol goýlupdy.

Türkmenistanda Belarusyň “Belgorhimprom” bileleşigi tarapyndan guruljak, bahasy 1 milliard dollarlyk kaliý dökünlerini öndüriji dag magdanlaryny baýlaşdyryjy zawodynyň düýbi tutulypdy.

TDH gullugynyň habaryna görä, 25-nji ýanwarda Minskide boljak türkmen-belarus gepleşiklerinde gol çekiljek “möhüm dokumentler” ýurtlar arasyndaky dialogyň täze bir derejä çykarylmagyna gönükdirilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG