Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk we Günorta Koreýa ok atyşdy


Demirgazyk we Günorta Koreýa günbataryndaky dawaly deňiz araçäklerinden birek-birege agyr ýaraglardan ok atdylar.

«Yonhap» habar agentliginiň maglumatyna görä, bu soňky agyr atyşykda Demirgazyk Koreýanyň kenar goraýjylary öňünden duýduryş bermezden, günorta tarapyna ok atypdyrlar, Günorta tarapy bolsa agyr ýaragdan oňa jogap beripdir.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň wekili Won Tae-Jae Demirgazykdaky kommunistik režimiň bu hereketi bilen bagly çynlakaý alada bilririlýändigini aýtdy: «Biz Demirgazygyň artilleriýadan ok atmak bilen gereksiz tendensiýany döreden bu bikanun aktynyň özi bilen alyp gelýän netijesine berk aladamyzy beýan edýäris. Biz şeýle-de olary bu işini gyssagly bes etmäge çagyrmak isleýäris» diýip, Günorta Koreýanyň resmisi aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň habar beriş serişdeleri biraz soňra, bu atyşygyň ýyllyk harby manýowrlaryň bir bölegidigini öňe sürdi. «Koreýanyň halk armiýasynyň artilleriýa bölümleri çarşenbe güni irden Koreýanyň günbatarlykdaky deňiz territoriýasynda ýyllyk türgenleşigini geçirdiler. Koreýanyň halk armiýasynyň artilleriýa bölümleriniň Demirgazyk Koreýanyň suwlarynda öňünden planlaşdyrylan bu türgenleşik sebäpli hiç kim şikaýat edip bilmez» diýip, Demirgazyk Koreýanyň TV-si habar berdi.

Ok atyşyklarda hiç kime zyýan ýetmänligi aýdylýar. Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýany birleşdirmek boýunça iş alyp barýan ministrligiň metbugat wekili Lee Jong-joo golaýda Demirgazyk Koreýanyň günbatar suwlaryny ýapyk zona yglan edendigini mälim etdi: «Biz Demirgazyk Koreýanyň 25-nji ýanwardan 29-njy ýanwar aralygynda günbatardaky deňiz territoriýasyny ýapyk zona diýip ýglan edendigini tassyklapdyk. Hökümet Demirgazyk Koreýanyň goşunynyň hereketlerine hem olaryň maksatlaryna berk gözegçilik edýär, şonuň ýaly-de biz geljekde olara gerekli jogaby bermegi göz öňünde tutýarys» diýip, Günorta Koreýaly resmi aýtdy.

Nämäniň alamaty?

Günbatar deňiz suwlaryny ýapyk zona diýip yglan etmegi Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny ýa-da beýleki harby türgenleşikleri geçirmek barada planlarynyň bardygynyň alamaty bolup biler diýip, analitikler aýdýarlar.

Başgaça aýdylanda, ýadro programmasy barasynda Demirgazyk Koreýa geçen ýyl alty döwletiň wekilleriniň alyp barýan gepleşiklerinden çykyp ony boýkot edipdi. Indi bu soňky akty bilen Phenýan gepleşiklere güýçli pozisiýadan goşulmagy ahmal diýilýär.

Günbatardaky deňiz araçäginde iki döwletiň arasynda mahal-mahal atyşyklar bolýar. Noýabr aýynda iki ýurduň harby gämileriniň birek-birege ok atmagy netijesinde Demirgazyk Koreýanyň bir esgeri ölüp, üçüsi ýaralanypdy, şeýle wakalar 1999 hem 2002-nji ýyllarda-da bolupdy.

Bu soňky atyşyklardan soňra Günorta Koreýanyň prezidentiniň sekretary Çung-Çung Kil Seulyň howpsuzlyk boýunça resmilerini prezident Lee Myung Bakyň adyndan adatdan daşary maslahata çagyrdy. Prezident Lee Bak häzir resmi sapar bilen Hindistana barýar.
XS
SM
MD
LG