Sepleriň elýeterliligi

21-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň täze ýylda geçirilen ilkinji ýygnagy boldy. Bu geňeşde esasan hem Türkmenistanyň howpsuzlygyny berkitmek meselelerine garaldy.

Geňeşiň jemlerine ser salnanda, aýratyn hem iki mesele özüne çekýär. Olaryň biri, Türkmenistanyň harby-deňiz güýjini 2015-nji ýyla çenli gutarnykly taýýarlamak boýunça tabşyryklar hem-de Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň başlygynyň eýeleýän wezipesinden çetleşdirilmegi we onuň ýerine, birnäçe ýyllardan soň, şol ugruň hakyky spesialistiniň bellenilmegi boldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňki çykyşlarynyň birinde Türkmenistanyň harby-deňiz güýjini döretmelidigi barada aýdyp geçende, onuň bu aýdanlaryna diňe Azerbeýjan döwleti özüniň bu ýagdaýdan howatyrlanýanlygyny öz ýerli metbugatlarynda belläp geçdi.

SSSR dargan soň, Türkmenistan özüne düşýän deňiz flotuny Russiýa Federasiýasynyň haýryna geçirmegi, bu sebitde «gün güýçliniňki, gowurga dişliniňki» - diýilşi ýaly ýagdaýy döretdi. Elbetde şol dörän deňsizligi aradan aýyrmak üçin Hazar deňziniň geosyýasatynda ýerlikli rol oýnamak maksady bilen Türkmenistanyň harby-deňiz flotuny güýçlendirýänligine düşünmek mümkin.

Gümrük gullugy harby däl

Türkmenistanyň Gümrük gullugyna soňky ýyllarda dürli pudaklardan gelen adamlary ýolbaşçy edip belleýärdiler. Ol hem şol pudaga negatiw täsirini berýärdi. Ýolbaşçy bolan adamlar ilki bilen bellenen işine girişmezden, öz gelen pudagynda bile işleşen kärdeşlerini getirýärdiler we olary gümrük edarasynyň jogapkärli wezipelerine belleýärdiler.

Soňky 4-5 ýylyň dowamynda gümrük gullugynda esasan hem harby pudakdan, Migrasiýa gullugyndan gelen adamlar ýolbaşçy bolup işlediler. Olar Gümrük gullugynyň esasy alyp barmaly işiniň daşary ykdysady gatnaşyklardygyny unudyp, ähli ünsi harby düzgün-nyzama berýärdiler.

Gümrük gullugyň soňky başlygy bu pudagy doly harbylaşdyrmak işleri bilen meşgullandy. Aslynda, Gümrük gulluklary harby pudaga däl-de, hukuk goraýjy pudaga degişli bolup durýar. Bu gullugyň esasy işi daşary ykdysady gatnaşyklardan gelýän salgytlary doly we dogry almak we kontrabanda ýoly bilen ýurduň içine getirilýän harytlary saklamak, kontrabanda bilen meşgullanýan adamlary jenaýat kodeksiniň ýörite maddalary bilen jenaýat-jogapkärçiligine çekmek bolup durýar. Emma Gümrük gullugynyň önki başlyklary bu pudagy esasy ýolundan sowa geçirdiler. Bu hem gullukda esasy işiň pese gaçmagyna getirdi.

Gümrük gullugynda öňden gelýän gulluk derejeleriniň ýatyrlyp, 15-20 ýyl pudakda işläp gelýän hünärmenleriň hemmesiniň derejeleri täze işe kabul edilen işgärleriň harby derejeleri bilen deňleşdirlip, leýtenant harby atlary berildi. Elbetde bu hem işe öz negatiw täsirini berdi.

Geçirilen harby maslahatda Türkmenistanyň prezidenti Gümrük gullugynyň başlyklygyna şol edarada başlygyň orunbasary bolup işläp gelýän Meret Berdiýewi belledi. Ençeme ýyllardan soň, gümrük gullugyna 15 ýyl bäri işläp gelýän hünärmeniň bellenmegi geljekde bu pudakda professionalizmiň ýokarlanmagyna getirer diýip, umyt etse bolar.

Şeýle praktikalar beýleki pudaklarda hem bolup dursa, onda geljekde ýurtdaky ykdsady we syýasy reformalaryň güýçli gadam bilen gitjekdigini çaklasa bolardy.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG